Ýaponiýaly 9 müň gezek özüni çekip, dünýä rekordyny goýdy.
Ýaponiýaly turnikden 24 sagadyň dowamynda 9 müň gezek çekip, täze dünýä rekordyny goýdy. Ol adam bedeniniň haýran galdyryjy çydamlylygyny subut etdi diýip, «Ren.tv» habar berýär.
Bu ýaponiýala aňsat düşmedi, ol egnine şikes aldy, elleriniň aýasy sypjyryk boldy.
Munuň üçin erkek kişi birnäçe aýlap taýýarlandy. Ol öň hem bir gezekde 650 gezekden hem köp öz göwresini turnikden çekipdi.