Yşk bagyna bile seÿran edeli,
Gel, tireli gyzyl-elwan güllerin.
Galan ähli zady goÿup bir çetde,
Lezzetin alaly süÿji günleriñ.
Sermest bolup yşk meÿinden ganaly,
Gansyn teşnelikden ÿürekler, bir dem,
Her alan demimiz bile alaly..
Hem bile bolaly her pursat, her dem.
Ÿüregim ÿüregiñ bilen ömürlik..
Gowuşsyn gollarym, gollaryñ bilen.
Ädim ädim ynam bilen, bu söÿgä..
Gideli ak bagtyñ ÿollary bilen.
Ogulbossan Atdanowa
(arhiw 2019ÿ)