flowers_
17.04.2024 00:04
ÖZ-ÖZÜM.

Hossa bolsa gussa, herhal her ýanda,
Öz böwrümi özüm gyjyklaýan men.
Sähel sebäp tapsam, ylgap barýan-da,
Öz-özümi garsa gujaklaýan men.

Hol görünýän daglar meniň armanym,
Düýnler — salgym, olar yza çagyrýar.
Gorky diýip hasaplamaň barmanym,
Gitsem, geljegime nebsim agyrýar...

Ak alkym säherleň sowuklaç mähri
Içimden ýylylyk gözleýän ýaly.
Gije düşse, gündiz syrlaşan şährim
Menden bir zatlary gizleýän ýaly.

Ýadyrgaýan ýat öýdäki çaga dek,
Göwün kemençämi syhap oturýan.
Gussa erkim alsa,
özüm çagyryp,
Öz başymy özüm sypap oturýan.

Men — gözýaş dünýäniň didelerinde,
Bir gün togalansam, syryksam, diňsem...
Bildim,
ýiterin müň ideseler-de,
Ýitmerin, öz-özüm ýitirmän bilsem...


✏Sapa HOMMADOW
29
25
sabyrly
17 Aprel 2024
Hossa nämekä ýa hassa bolmalymyka
manolya
17 Aprel 2024
💙
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.