ezizhan_hallyyew
16.04.2024 14:33
UTANSYN




Paýyş sözi dile almaň adamlar
Ony bilmän sözlän diller utansyn
Gerekli ýeriňde sözüň söz bolsun
Saňa töhmet atan iller utansyn


Wagt bizden şeýle tiz gecip barýar
Nesibämiz şol tizlige atylsyn
Bizden hiç bir zady soraman geçen
Ýel deý geçip giden ýyllar utansyn


Dogry bolsa durgun sözüň yzynda
Elden gelse hakykatlar satylsyn
Undulmaz aýralyk ýylyň güýzünde
Wadany tutmadyk sözler utansyn



Ýazlar ýaraşykdyr hem-de barlyşyk
Umyt bilen arzuwlara ýetilsin
Birdenkä ýetilmän galmaly bolsa
Bagyşla ! gowşurlan güller utansyn



ýaş şahyr
31
52
iamemir
18 Aprel 2024
😊🥳
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.