flowers_
15.04.2024 20:17

Özbek estradasyndan Magtymgulynyň goşgusyna täze aýdym





Özbegistanyň "Farhad we Şirin" diýip tanalýan duo estrada topary Magtymguly Pyragynyň "Habar ber – şeýledir" goşgusyna aýdym düzdi we şekile geçirdi.

"Sowal jogap" diýip atlandyrylan bu aýdymyň şekilli ýazgysy häzirki wagtda internet köpçüliginde görýänleriň sany millionlary geçdi. 

Estrada aýdymçylary Farhod Süleýmanow we Şirin Muzaffarowa Özbegistanda uly abraýdan peýdalanýarlar. Doganlyk ýurtlaryň festiwalynda hem çykyş etmek üçin Türkmenistanda bolup gördüler.

Magtymguly Pyragy dünýäniň beýleki künjekleri bilen bir hatarda Özbegistanda hem uly sarpa we hormata eýedir. Özbek döredijilik we sungat işgärleri Pyragynyň şygryýetine ýygy-ýygydan salgylanýarlar.

"Habar ber – şeýledir" goşgusy, Magtymguly Pyragy we Durdy şahyryň arasynda geçen sorag-jogabyň şygyr görnüşidir.

 

HABAR BER – ŞEÝLEDIR


Magtymguly:

O nämedir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän?

O nämedir, aýagy ýok, towusýan?

O nämedir, ýedi derýa böwüsýän?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

Durdy şahyr:

Ol ekindir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän,

Ol ýylandyr, aýagy ýok towusýan,

Ol balykdyr, ýedi derýa böwüsýän,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

- O nämedir, ýakasy bar, ýany ýok?

O nämedir, ganaty bar, gany ýok?

O nämedir, adam ýuwdar jany ýok?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

-Ol kependir ýakasy bar, ýany ýok,

Kebelekdir, ganaty bar, gany ýok,

Gara ýerdir, adam ýuwdar, jany ýok,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

-O nämedir, derwezesiz galadyr?

O nämedir, penjiresiz binadyr?

O nämedir, bir-birinden aladyr?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

-Ol köňüldir, derwezesiz galadyr,

Ol gabyrdyr, penjiresiz binadyr,

Ol Aý-Gündür, bir-birinden aladyr,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

-O nämedir, iýmediler, doýdular?

O nämedir, kyýamata goýdular?

Ol kim idi, dabanyndan soýdular?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

-Ol didardyr, iýmediler, doýdular,

Ol namazdyr, kyýamata goýdular,

Nesimini dabanyndan soýdular,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

-O nämedir, ýedi ülkäni gezer?

O nämedir, bilini bir zat ezýän?

O nämedir, adam mysaly syzýan?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

- Ol çopandyr, ýedi ülkäni gezýän,

Ol goýundyr, taýak bilini ezýän,

Bedew atlar adam mysaly syzýan,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir.

 

- O nämedir, toprak üste sürünmez?

O nämedir, adamlara görünmez?

O nämedir, hiç bir dona bürenmez?

Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

 

- Erenlerdir, zelil bolup sürünmez,

Ol beladyr, gelse, göze görünmez,

Ýalan gürrüň hiç bir dona bürenmez,

Bizden salam bolsun, jowap şeýledir

36
188
flowers_
16 Aprel 2024
Hawa😄
flowers_
16 Aprel 2024
@orazow96, dogry, siziñkem rahat, sag boluñ.
flowers_
16 Aprel 2024
@manolya, ana boldy, ýatyber indi, gijäñ rahat bolsun 😁
orazow96
16 Aprel 2024
@flowers_, aý bolýa hany ýatalyñ gijañ rahat bolsun gyzdalligina bilýan weli ondada sozüñ alyshsa gyz bopmak gerekminname oglan bolandada esasy soz alyshmakmykan öýtýän meñ pikirimça
manolya
16 Aprel 2024
@flowers_, 😋
flowers_
16 Aprel 2024
@manolya, poka, diliñi gõrkez hany😅
flowers_
16 Aprel 2024
@orazow96, jorammy😂, ol gyz dälä, şu maña hiç kim jora bolonakda arman ana olam gitdi, eýgilikdirle
manolya
16 Aprel 2024
@flowers_, poka 🙆🙎
orazow96
16 Aprel 2024
@flowers_, hmm aý bolýa gurt eýgilikmikan siziña aktyw jorañyzdy öýtýän ýalñyşmasam
flowers_
16 Aprel 2024
@orazow96, gurt çykdy ýok indi, garlawaç gelýära, dusyan dalsiñ
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.