Tayler
15.04.2024 14:34
Gowy gyzlarymyz bardy,
Durna dek uçup gitdiler.
Utanjaň hem sadadylar,
Söýmäge ejap etdiler.

Boz durnalar,ak durnalar,
Haýsy menzile ýetdiler!
Sapakda ýatkeşdi olar,
Bizi welin unutdylar.

Görýäs ýolda-yzda käte,
Tötänden duşan çaglary.
Biz obanyň bilbilleri
Bezedi özge baglary.

Göwünleri ak pamykdy,
Ýüzleri dogan Aýdy olaň.
Ýa-ha bizi söýmediler,
Ýa bizi dogan saýdylar.



A.Gurbannepesow
30
77
gulia_maksatmyradowna
15 Aprel 2024
Sizi dogan saýandyrlar😌. Klasdaşlam klasdaş dogan hokmünde başymyň üstünde ýeri bar gyrlyşyp gören ýerim ýok 🤷‍♀️ janlary sag bolsun 😊
Tayler
15 Aprel 2024
@Bitter, 😅😅💥
Tayler
15 Aprel 2024
@Bitter, aslynda birhili diýip ýazdym welin şuwagt kellâni bulam bujar etdiňdâ😃
Tayler
15 Aprel 2024
Her adam birhili pikirde-dâ@Bitter,
sammysum
15 Aprel 2024
Işiňizde, okuwyňyzda, gullukda, sadikda dostuňyz-doganyňyz ýokdur, olara içki syryňyzy aýtmaň...
nabat_
15 Aprel 2024
Göribem bardy gowysam bardy şermennesem bardy şadyyan sazanda ,wäşide bardy😄
PILOT👮‍♂️✈🛩
15 Aprel 2024
Klasdaslar bilen kan ara gowy dal☹
Bitter
15 Aprel 2024
Klasdasyny halayanlara hic dusunemok, cagalykdan bile ulanylya,ursulya sowusilya,hakykam dogana menzelip gidilya
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.