flowers_
15.04.2024 12:19
Gysga hekaýalar.
Bulkajyk.

Är-aýal otuz ýyllap bilelikde ýaşaýan eken.Bilelikdäki ýaşaýşynyň 30 ýyllygy güni aýaly däp bolup gelşi ýaly, säher bilen bulka bişiripdir. Ol
ertirlik naharynda ony keseligine
kesip, ikisiniňem ýüzüne mesge
çalypdyr. Ol bulkanyň üst tarapyny adamsyna uzatmakçy bolanda, bir
zat ýadyna düşen ýaly, birden
saklanypdyr. Ol öz ýanyndan: “Men
otuz ýyllyk bilelikdäki ýaşaýşymyzyň
şu gününde bulkajygyň gyzaranja
ýerini özüm iýesim gelýär.
Galyberse-de, men onuň 30 ýyllap
ynamly, oňat söýgüli aýaly boldum,
ony ogully-gyzly etdim. Hojalygy ýöretdim, maşgalamyň abatlygy üçin janymy gaýgyrmadym” diýip, öz ýanyndan pikir ýöredipdir. Ol şeýle karara gelip, bulkajygyň aşaky bölegini adamsyna uzadýar, 30 ýyl
dowam edip gelýän düzgüni
bozanlygy üçin hem elleri titräp
ugrapdyr. Adamsy bolsa, bulkajygy alyp, şeýlediýipdir:

– Ezizim, sen şu gün maňa bahasyna
ýetip bolmajak sowgat etdiň. Men 30
ýyllap, özümiň iň gowy görýän
zadymy – bulkanyň aşaky bölejigini iýmedim. Sebäbi ol düzgün boýunça saňa degişlidir öýdýärdim.

Terjime eden

Ýegenmämmet TAÝLYÝEW.
45
182
sammysum
16 Aprel 2024
Bäh, şo bulkajyk bilen romantik ýaşaýdymyka! Ýewropa ýa Amerikanyň romantik hekaýalary öýdýän...
XL-19
15 Aprel 2024
flowers_
15 Aprel 2024
@enes_🧿, Salam! Gowy Hudaya sukur, gowjamy özüñem😊
nabat_
15 Aprel 2024
🥰😇Ine söýgiii....🥺
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.