jady
15.04.2024 09:58
Bagt näme diýip berýäñmi sowal?
Õzä maña şeýle eşidildi owaz.

Bagt dälmi bu dünýäde bolmagyñ?
Bagt dälmi gürläp eşidip bilmegiñ?

Bagt ahyr gõrýän bolsa dideleñ
Kõrä şondan õzge bagtam idemez

Bolmasa bolmasyn akja mersedes
Agsak üçin sagdyn aýaklaram bes

Soñkydan aýfonyñ bolmasa eger
Kemsinme ejeñden jañ gelse ýeter

Bagt däl dõrt gatly jaýyñ bolmagy
Bagt barja çatmañ mähre dolmagy

Diyjek bolýan zadym üytgeşik zat däl
Pul bilen tapylyan zatlar bagt däl

Bagt bar zadyña etmekdir şükür
Bagty Alla diñe şükürden ýeti:r.

Awtoryny bilemokda.
Alla her birimizi Bagtly günlerimizden aýyrmasyn.🌹
23
53
jady
15 Aprel 2024
@indi, 👍hakyky.🌹👍
jady
15 Aprel 2024
@flowers_, .🌹
alma___
15 Aprel 2024
Gynanma garypja bolsada çatmañ.Şol çatmada bardyr arkaýyn ýatman.
flowers_
15 Aprel 2024
Ämin!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.