flowers_
15.04.2024 00:02

Gurbannazar Ezizow

«Halas ediň!»


Beýgelmek üçin däl — dag boljak boldum

Barha köp synladym dagyn ýüzüni.

Çünki, ol uzakdan ýetirdi maňa

Bir bendäniň: «Halas edin!» sözüni.

 

Kim ol bende?

Haýsy darda asylýar?

Bogýar ony haýsy deňzin buzlary?

Ýatsam-tursam rahatlyk berenok

Ýüregimde: «Halas ediň!» sözleri.

Gözlerimi açdy asyryň güýzi,

Haýyram, şer işem açdy gözümi.

Menin galamymam antenna menzäp,

Tutdy durdy «Halas ediň!» sözüni.

 

Bagtly boluň, bagtly boluň, adamlar,

Ýöne bagt gözüňizi tutmasyn.

Şindi känkä «Halas ediň!» ýaňlary,

Bagt sizi körem,

Kerem etmesin.

 

Şu jedelde goýup biljek başymy,

Şol ýüregi ýag baglandyr bireýýäm,

Eşitmeýän bolsa «Halas ediňi!»

Bu çetinden,

O çetinden bu dünýäň!

 

Halas boluň, esgilerden, doklukdan.

Şum adamdan, köçelerin itinden.

Halas boluň, ähli artykmaçlykdan,

Ýöne halas bolmaň «Halas ediňden!»

28
61
flowers_
16 Aprel 2024
@yalnyz_, hawa
flowers_
16 Aprel 2024
@yalnyz_, ol häzir işlanok hiç kimde-de, indi açylmaly
flowers_
16 Aprel 2024
@yalnyz_, sorañ arkaýyn
flowers_
15 Aprel 2024
@yalnyz_, problemmañ ýok ýeri barmy😊, bizden näme kömek bolsa aýdaýyñ
flowers_
15 Aprel 2024
@yalnyz_, toba🙄, gowy boljak boluñ, gayrat ediñ
flowers_
15 Aprel 2024
@yalnyz_, gowy Hudaya sukur, gowumy ozuniz
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.