Kicxi_maniak
14.04.2024 20:22
Ejeme hat



Diri gezip yørmüñ, garryja enem?
Menem diri saña yollayan salam,
Goy seniñ sol garyp külbäñ üstünde,
Ay suglasyn sacyp dursyn elmydam.




Maña hat yazyarlar düsüp howsala,
Meni küysäp gezyärmisin gussaly.
Her gün yola cykyarmyssyn zowzalap,
Egne geyip sary giden possuny.



Agsam düsse mawy gijäñ tümünde,
Eymenc düsler sen beynini cokyarmys.
Kimdir biri meyhananyn jeninde,
Meñ yùregime fin hanjaryn sokyarmys.




Rahatlan, ezizim, gamlanma käbäm,
Ayr sereden beyle agyr hyyaly.
Men Juda bir køçä zynylan däl-ä,
Seni gørmän ølüp gider yaly.




Henizlerem øñkim yaly näzik men,
Hemen arzuw etyän sol bir zat hakda.
Gøwnüm gamdan dynyp duman icinde
Cykyp basym garyp külbä barmaga.




Baharyn tupany sowulyp gysyn,
Bahar baglar gülden geyip ak don
Sonda meni, senden yeke hayystym,
Sekiz yyl øñkiñ dey oyarma dañdan.



Uklam arzuwlarymy oyarma serde,
Goy sonda galsyn pasmadyk hyyal,
Juda ir ucradym tükenmez derde,
Yitirdim yadadym kec boldy ykbal.





Hem øwretme cokunmany, gerek däl
Yokdur asla gecen günleñ gaydany,
Sen yeke täk satlygym sen yürekde,
Sen yeke täk aydylmadyk arzuwym.



Yatdan cykar howsallany, gussany.
Hem delminip bakma sal-sollara,
Egne geyip sary giden possuny,
Meni idäp cykyp durma yollara.


Awtory:Sergey Yesenin.
Terjime Eden:Atamyrat Atabayew.
25
44
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.