lavinya_
14.04.2024 13:45
Meň hiç aklym çatanok,
Ýaşamakdan iripmiş.
Bu dünýe öň bir gezek,
Oň düýşüne giripmiş.

Terkidünýä bolupdyr,
Ýaşamakdan lejigip.
Has kejine tutupdyr,
Keç ykbalam kejigip.

Men çekinip, hamala,
Özüm ýaly ýazykly.
Diýýän: «Ýaşamak — hezil.
Bu dünýe-de gyzykly».

Ol diýýär: «Bu ýalançy
Alasarmyk düýş dämi?!»
— Ýylgyryp, doňup dursuň,
Näme, surata düşýäňmi?!

Men: «Saňa haýpym gelýär,
Saňa nebsim agyrýar.
Seret, 20 ýaşda,
Eýýäm saçyň agarýar.

Hany, badyhowalyk,
Weý-weý, ruhdan düşýäňmi?!
Ýa dünýede ýaşamak,
Saňa agyr düşýämi?!
Ýa ýüregňe düşýämi?!»

— Sen nä sömelip dursuň,
Aýnaň öňüne geçip?!
Bu sese hälki pursat,
Gitdi gözümden öçüp...

Awtor:Laçyn Pürjäýewa
30
67
lavinya_
15 Aprel 2024
@flowers_, Даа🌼:)
lavinya_
15 Aprel 2024
Salam@wepaa,
lavinya_
15 Aprel 2024
@manolya, Salam ツ
lavinya_
15 Aprel 2024
@indi, ♥️:)
flowers_
14 Aprel 2024
🤩ромашка
wepaa
14 Aprel 2024
Salam
ideallider
14 Aprel 2024
@manolya, aha🙂
manolya
14 Aprel 2024
@ideallider, bilýän....dogry edýäň ,menem şeýle :))""naşardygymdan"
ideallider
14 Aprel 2024
@manolya, Naşardygymdan Salamy jogapsyz goýmajak bolýan, hatda duşmanymdan hem. Sen duşmanym diýdigimdäl, şol derejede Salamy hormatlaýan diýdigim👍
manolya
14 Aprel 2024
@ideallider, Salam !neme ony lavinya beripdim 😅🤦🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.