Pul tygşytlamagyň 3 usuly
<
1) Arzanladyşlar we aksiyalardan peýdalanyň
Elbetde, söwda etmekligi hiç kim gadagan etmeýär, emma oňa bolan garaýşyňyzy üýgetmeli bolýarsyňyz.Dürli söwda merkezlerindäki arzanladyşlar we aksiýalary yzarlaň. Geýim-gejim almak üçin online söwda merkezlerini görmek maslahat berilýär.
2) Çykdaýjylar gündeligini dolandyryň.
Puluňy tygşytly ulanmaklyk ýörite niýetlenen gündeligi ýöretmek bilen başlanýar. Bu ýönekeý bir depderçe ya-da telefonyňyzdaky programma bolup biler. Esasy zat özüňiziň girdejilerinizi we çykdajylaryňyzy şol depderçäñize ýa-da telefonyňyzdaky programma bellik etmäni unutmaň. Şonda siz öz býujetiňizi we pullaryňyzyň nirä sarp edilýändigini anyklap bilersiniz. Siz iýmitiňize näçe sowanyňyzy, haýsy harçlamalaryň artykmaçdygyny we girdejiňiziň näçe möçberini dynç alyşa aýугур goýmalydygyňyza göz ýetirersiniz.
3)Alternatiw azyk önümlerini saýlap alyň
Azyk önümleri biziň çykdajylarmyzyň iň möhüm bölegidir. Azyk önümlerinde örän tygşytly bolmagyň zerurlygy ýok, sebäbi biziň hem-de ýakynlarymyzyň saglygy, gündelik ulanýan iýmitimiziň hiline bagly bolup durýar. Yöne käbir gymmat bahaly nygmatlary şoňa deňdeş arzan bahaly nygmatlara çalşyryp bilersiniz. Yerli azyk önümlerine üns beriň hem-de möwsümleýin gök önümleridir ir-iýmişleri almaga çalyşyň. Harçlamagyň şeýle ýoly bilen siz diňe puluňyzy tygşytlaman, eýsem, öz naharsanawyňyza täze tagamlary hem goşup bilersiniz.