Tayler
13.04.2024 21:20
Diwanda arkan ýatyp,adamyň dogluşyndan tä ölümine çenli aralykdaky
ýoly yzarlaýaryn. Adam many bilmez
çaga bolup dogulýar,mana düşýär,ulalýar,garraýar,köplerem aňly,ölýändigine düşünip
ölýär.Tebigat näme üçin şeýdipdir?Näme üçin tersine edäýmändir?
Adam segsenmi,togsanmy (tebigatnäçe ömürkesgitlän bolsa) ýaşyndaka dünýä inýär.
Gitdikçe,ýaşadygyça ýaşarýar,ýigitligine,çagalygyna gelýär. Ahyram ümbilmez bäbege
öwrülýär. Ýaşaýşyň,ömrüň,ölümiň nämedigine-de düşünmän,akyl ýetirmän
ümbilmezligine ölüp gidýär. Şeýle bolsa adam utardy.Şeýtmäge tebigatda güýç bardyr
ahyryn.

*
Görnüp duran ýalany akyllylara-
da ynandyryp bilýän kezzaba akyllylaram oýnamagy başarýandygy
üçin artykmaç adam hökmünde hormat goýmalymy?
* *
Häzirki döwürde ýolbaşçy wezipede işleýän adamlaryň ogurlyk etmegini barybir köki-
damary bilen ýok edip bolmaýar. Şonuň üçinem gaty çökder iş edäýmese,köne ogry
ýolbaşçylary wezipesinden boşatmaly däl. Sebäbi onuň ýerine,barybir,ogry adamyny
gözläp tapýarlar. Ol hem köne ýolbaşçynyň eden hereketlerini hökman gaýtalaýar.
Netijede,ogurlyk,çykdajy ikinji gezek başlanýar.


A.Tagan "Kyrk ýylda ýazylan kitap"
26
276
Abat_
14 Aprel 2024
ashyrovnaenesh@gmail.com
Abat_
14 Aprel 2024
Atajan Taganyň şu "kyrk ý.ý kitap" eseri kimde bolsa gmaile ugradyp berayin.
Abat_
14 Aprel 2024
@myrataly_, hawa)
myrataly_
14 Aprel 2024
@Sunshine lady, Goşuldynmy
atakulyyewa_humay
13 Aprel 2024
Shu kitap ýaman gowyda 👍👍👍
Tayler
13 Aprel 2024
@gulia_maksatmyradowna, hawa, senden geň, şu gün-â ugruň ýok ýaly🧐
Bitter
13 Aprel 2024
Tayler
13 Aprel 2024
myrataly_
13 Aprel 2024
@Bitter, Nasternyana gozim gitya,uzagyndan bolsun. Mena 📴
Tayler
13 Aprel 2024
@Bitter, aý howaa-da👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.