myrataly_
13.04.2024 19:44

Bir gijejik ene bolup görmek


Gadym zamanlarda bir zalym hökümdar ýaşapdyr. Döwrüň iň owadan gelin-gyzlaryndan kimi halasa köşgüne çagyrýarmyş- da, bir gijelik ýanynda alyp galýarmyş. Ertesi gün bolsa, islese ony goýberýärmiş, islemese-de, jellada tabşyrýarmyş.
Edil şolar ýaly çakylyk alan bir dul aýal, bäş ýaşly gyzyny-da ýanyna alyp ýola düşüpdir. Yadan wagtlary bir derek agajynyň saýasynda düşläpdirler. Başy gök diräp duran derek agajy öz saýasynda düşlän eneli gyza mähir hem hayranlgalyjylyk bilen garapdyr-da:
Wah, nähili haýp! Miwäm-ä bir ýok welin, saýamam goýry däl-dä - diýipdir.
Ol aýal uludan demini alyp:
Bize nebsiň agyrýan bolsa, bolmanda, gyzymy bir gijeligine belent şahalaň arasynda sakla-da, garaňkydan hem ýabany haýwanlardan ony gorap ber. Inşalla, ertir gelip alaryn - diýipdir.
Derek agajy teklibe göwünjeň bor diýensoň, aýal birsalym oýlanyp durupdyr-da:
Dur-la hany! Sen hiç haçan miwe berip gören dälsiň, şonuň üçinem eneligiň nämedigini bilýän dälsiň - diýipdir, "...Şol sebäpden, gowusy, men saňa bir gijelik öz ýüregimem goýup gideýin. Ene ýüregi şeýlekinem elmydam balasynyň ýanynda gürsüldäp durandyr".
Derek agajy bu teklibe-de bor diýipdir.
Şunlukda balasyny bir gije derek agajyna ynanyp giden aýal ertesi gün agajyň ýanyna gelipdir-de, balasyny alyp öýüne dolanypdyr.
Derek agajy bolsa bir gijelik ene ýüregini götermek bilen şeýle
bir üýtgäpdir, şeýle bir üýtgäpdir welin, edil ýöne
ýapraklarynyň saplary inçelip galaýypdyr.
Ine, hut şol wakadan soň derek agajynyň ýapraklary her gün,
her sagat edil ene ýüregi kimin titräp duranmyş diýýärler...



Jennet ejeleriň aŷagynyň astyndadyr

35
152
Bkm
14 Aprel 2024
Ene hemme yerde Enedir Ene
gulia_maksatmyradowna
13 Aprel 2024
@myrataly_, aha anlaşıldı)
myrataly_
13 Aprel 2024
@Bitter, Sorap oturma ozinem dusinip gidersin).@gulia_maksatmyradowna, Hawwa eddddiljek seyle yazylgydy birje nokadam uytgetmedim. Terjime etmekmi,men wapse turkce anlamiyorum)
gulia_maksatmyradowna
13 Aprel 2024
@myrataly_, hekaýada aslynda biriniň döredijiligidir, eseridir. Men eser diýdim . Sen hekaýa diýip bilersiň . Ha onda skrinşotda türkmençe ýazylgydymy? Ýalňyş düşünme ... Terjimäni özüň etdiňmi şony sorajak bolýan men
Bitter
13 Aprel 2024
@myrataly_, oda dogry, eje bolan tanyslan birinden soraymasam, menki teoriya😄
myrataly_
13 Aprel 2024
@gulia_maksatmyradowna, Bu esermi,hekaŷamy ony bilemok,yone screen shot gorip otyrkam onimden cykdy
myrataly_
13 Aprel 2024
@Bitter, "Titiremek" sözi bu ŷerde cagany cenden asa alada edip gezmek manyny berya,eger titremese eje cagasyna biparh garardy
gulia_maksatmyradowna
13 Aprel 2024
Bu eser türkden terjime edilenmi aslynda
Bitter
13 Aprel 2024
@myrataly_, turkde sol soz dag Alyp gelmegi anladaysyn,tm.ca gowsaklygy anladya
myrataly_
13 Aprel 2024
@Bitter, Googldan gozlap goz sol aydan sozimi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.