selbiska
13.04.2024 12:11
𝑲𝒐𝒑 𝒔𝒖𝒘 𝒊𝒄𝒎𝒆𝒌 𝒑𝒆𝒚𝒅𝒂𝒍𝒚𝒎𝒚?

Bedenimiziñ agramynyñ takmynan 60göterimini emele getirýän suw, kisloroddan soñ adam ömri üçin iñ möhüm talap hökmünde görkezilýär.Suwuñ peýdaly tükeniksiz; Toksinleri arassalaýar,bedeniñ gyzgynlygyny belli bir çäklerde saklaýar, köp organlaryñ kadaly işlemeginde we esasanam böwreklerde möhüm rol oýnaýar we iýýän iýmitlerimizi siñdirmäge kömek edýär.Gysgaça, suw durmuşumyzyñ ähli funksiýalaryny kadalaşdyrmakda möhüm rol oýnaýar.Şeýle-de bolsa iş durmuşynyñ çalt depgini bilen gündelik durmuşyñ aladasy arasynda, köplenç ýeterlik suw içmezlikde möhüm ýalñyşlyk göýberýäris.Ýeterlik suw sarp etmedik ýagdaýymyzda köp saglyk meseleleriniñ, esasanam suwsuzlanmagy, wagtynda öñ garramagy, gan basyş we iýmit siñdiriş meseleleriniñ döremegiñ mümkindigi aýdylýar.Şonuñ üçin köp suw içmegimiz möhümdir.Bedeniñize her gün zerur bolşy ýaly suw beriñ.Her gün 8-12 bulgur suw içmek iñ gowsy diýilýär.Ýöne hakykat, zerur suwuñ mukdary jynsyñyza, näçe maşk edýändigiñize, yssydygyna we başga-da köp faktorlara baglylykda üýtgäp biler.

Şu wagt kellämize köp sorag gelýär limon suwy kömek edýärmi? Irden açlygyña suw içmelimi? Ýyly suwmy ýa-da sowuk suw has peýdaly? Suw horlandyrýarmy?

Az suw ýaly, köp suw içmek nädogrumy?

Az suw içmekden başga-da köp suw içmek bedenimizdäki suwuklygy we elektrolit balansyny bozup, saglygymyza howp salýar.Ýürek näsazlygy ýa-da böwrek keseli bar bolsa,suwuklygyñ kabul edilmegini çäklendirip bilersiñiz.Sebäbi köp suw içeniñizde , böwrekleriñiz artykmaç suwy aýryp bilmese, 'giponatremiýa' atly kesel ýùze çykyp biler. Diýmek, ganyñyzdaky minerallar suwuklanýar.Netijede, ganyñyzdaky natriý derejesi peselýär, bedeniñizdäki suw derejesi ýokarlanýar we öýjükleriñiz çişýär. Bu çynlakaý we durmuş üçin howply meselelere sebäp bolup biler.

Irden aç garnyña suw içmek dogrumy?

Irden turanyñyzdan soñ, 500ml suw içmek gan aýlanşygy çaltlandyrýar, täze gan öýjükleriniñ önümçiligini ýokarlandyrýar we deriñizi ýalpyldadýar.Irden aç garnyña suw içmek, içegäniñ işine goşant goşup, artykmaç agramdan dynmaga kömek edýär.Özüñizi aç duýmakdan başga-da, içegelerdäki toksinleri bedeniñizden çykarmaga hem kömek edýär.Mundan başga-da, maddalaryñ alyş-çalşyny çaltlaşdyrýar, saçyñyzy sagdyn we ýagty görünmegine goşant goşýar, ýüregiñiz agyrsa, böwrek daşynyñ döremeginiñ we öt haltasynyñ ýokaşmagynyñ öñüni alýar we immunititetiñizi güýçlendirýär.

Limonly suw içmek kömek edýärmi?

Irden limonly suw içmek peýdalydyr.Limondaky kaliý gan basyşyny gözegçilikde saklamaga kömek edip biler.Irden ýyly limon suwuny içmekden alýan “C” witamini ýùrek-damar kessellerine we insult töwekgelçiligini azaldyp biler. Şol bir wagtyñ özùnde, aşa kislotaly gurşawda ösýän, bedeniñ pH-ni ýokarlandyrýan, sagdyn öýjükleriñ işleýşini we gurluşyny goldaýan we bedendäki bakteriýalary we erbet bakteriýalara garşy göreşýär.
9
87
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.