ideallider
13.04.2024 10:47
126. 1902-nji ýylda Berlin bankiri Gerhard Fraýder, ölmezinden öň hakyky wesýetnama goýýar, ýagny öz tabydynyň öňünden ýörän herbir garyndaşyna 300marka(ol döwür ummasyz pul) wesýet edýär, a emlägini bolsa, jaýlananyndan soň, aýratyn ýagdaýda başga adamlara bölmeli diýip belleýär. Şeýlelikde emlägi bölmän, ýekeje garyndaş birine geçirýärler. Sebäbi wesýetnamada "tabydyň öňünden ýörän her-bir garyndaşyna 300 marka bermeli. Puly almadyk adamlara bolsa emlägi paýlap bermeli" diýilen setirler bardy.

127. Osminoglaryň gany mawy we olaryň 3 ýüregi bar. Bir ýürek bedeniň ähli ýerinde gany aýlaýar. Beýleki iki žabra ýüregi bolsa, žabralardaky gany aýlaýar. Zoopsihologlar, oňurgasyzlaryň içinde iň akyllysy osminog diýip hasap edýärler. Osminoglarary dressirowka etmek aňsat, ýatlary gowy, geometriki figuralary tapawutlandyryp bilýärler, özlerinei iýmitlendirýän adamlary tanaýarlar hem bahym eldeki bolýarlar.

128. Adam özüni gyjyklap gülüp bilenok, emma weli biziň söýýan adamymyzyň bir barmagynyň tenimize degmegi weli, bütin endamymyzy jümşüldedip bilýär.

129. Pişikler orta asyrlarda aýýar-kempriň(jadygöý-aýal) ýoldaşy we şeýtan güýjini getiriji diýip hasap edipdirler. Ine şu sebäpli hem pişikleri(esasanda gara pişikleri) diriligine ot-alawda ýakypdyrlar, gark edipdirler we uzyn binalardan zyňypdyrler. Orta asyrlarda pişikleriň ýok edilmegi, alaka-syçanlaryň has-beter köpelmegine getiripdir, bu hem mergi keseliniň(чума) ýaýramagy bilen adamlaryň gyrgynçylygyna eltipdir.15-nji asyrlarda, mergi keselinden gyrylan adamlaryň sany 30 miliondan geçipdir. Emma Yslam dininde pişikler gaty halanyp gowy görüler eken. Adamlaryň aýtmyşlaryna görä, Muhammet Sallallahu Aleýhi Wessellem namaz okap oturan wagty ymmatymyzyň ýanyna ýylan gelipdir, bu ýylany bolsa pişik öldürüp, Allanyň ilçisini ýylanyň awy-zäherli dişlemeginden halas edipdir. Metjide girmäge rugsat edilen ýeketäk jandar pişikdir. Belki şu sebäpdendir, dünýä alymlarynyň "Iň arassaçyl haýwany pişik" diýip aýtmaklary.

130. Çybynlaryň, diňe urkaçylaryň gan sorýany belli. Arylaryň hem diňe urkaçylary çakýar. Adamlaryňam;-).

Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.
28
187
hayyat
13 Aprel 2024
Haladym kop kop sagboluň
Akram_Beshimov
13 Aprel 2024
130. Goşmaça bal arylarynyñam diñe urkaçylary bal ýygnaýar (toplaýar). Erkekleri diñe köpelmek üçin zerur.
flowers_
13 Aprel 2024
@Akram_Beshimov, 😑🤦‍♀️
flowers_
13 Aprel 2024
@Akram_Beshimov, şu ýerdemi🙄tkm.de😐,
flowers_
13 Aprel 2024
@Akram_Beshimov, nähili 🤔
Akram_Beshimov
13 Aprel 2024
130. 🙌
Akram_Beshimov
13 Aprel 2024
@flowers_, gaş çyzdyrýan oglanlarmy 🤔
ideallider
13 Aprel 2024
@flowers_, o kesel diýýäniňe hassany entegä göremok, duşamok. Duşmalam etmesin🥶
flowers_
13 Aprel 2024
@ideallider, daşary ýurtlarda bar welin bu ýerlede golaýlaşypdyrmy o kesel)🤦‍♀️
ideallider
13 Aprel 2024
@flowers_, aý oglanlaryňam gaşyna degýänini, kosmetika ulanýanyny, figura saklaýanyny, gördüm. Inni munam gördüm. Ýüreklerine gowluk salsynda😐
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.