ilhano_va
13.04.2024 01:38
Meniň ömrüm… ah, şeýledir ýogsam-da…
Görmedik bolarmy Aý dek dogsam-da…

Derwüşiňkidenem ýörgür aýaklam
Baýnadardy Allaň alnyna eltip.
Etmedik etmişim üçin özgäniň
Sözünden ýürekde galmazdy bertik.

Gamyň kenarynda zar-zar aglaýyp,
Şor-şor gözýaşlarmy seçeläp ýörmän,
Arzuwyň tizligi bilen aýlanyp,
Arzyly kenarna düşerdim derýaň.

Ukusyz ellermiň bakylyk beren
Sözi üçin ilim meni magtardy.
Aýralygyň demir ýollary bilen
Barýan otlym bireýýämler togtardy.

Ýogsa ýeke pursat bakylyk bolup,
Bakylyk bir pursat bolup durmazdy.
Ýolumy sermeläp, sargaryp-solup,
Batyl bagtym ýanym alyp durmazdy.

Ylgadygymsaýy uzalyp menzil,
Çekdigimçe agralmazdy bu derdim.
Uçjak bolup uçup bilmän kösenip
Durman, al-asmana siňer giderdim,
Aýlanardym sergin sonaryn dünýäň.

…Meniň ömrüm bir garybyň düýşüdir,
Ýatandyr biçäre oýanyp bilmän.

Gurbandurdy Orazov
20
77
nabat_
13 Aprel 2024
Salam govmysynyz🙃😊🥰
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.