Taryhda aň-düşünjeleri, akyllary , özüne bolaen ynamlylygy bilen tapawutlanýan zenanlar sanasak sanabermeli. Öz hereketleri bilen öňe saýlanyp, taryhda yz goýan zenanlaryň käbirini agzap geçsek ýerlikli bolar.
1.Billie Jean King sportuň tennis görnüşi agzalanda ilkinji göz öňümize gelýän zenanlardandyr. Tennis boýunça ortaça 67 medalyň eýesi bolup, taryha adyny altyn harplar bilen ýazdyrmagy başardy.
2.Coco Chanel fransuz moda dizaýneri, “Chanel” markasyny döredijidir. Dür-dürli eşikler öndürip meşhurlyga eýe bolandyr.
Dorothy Hodgkin nobel baýragyň eýesi bolup, halestrol, pensilin, B12 witamini tapan zenandyr. Florençe Nightingaleden soňra şalyk tarapyndan baýraga mynasyp bolan ikinji zenandyr.
3.Kleopatra taryhyň dowamynda ýatda galyjy zenanlaryň biri bolup, “maňa garşy ýeňiş gazandyrmaryn” sözi bilen zenanlaryň güýjüni görkezmegi başarandyr. Kleopatra 18 ýaşynda kakasy aradan çykandan soňra Müsüriň şazenany bolup, ýurdy dolandyrmaga girişipdir.
4.Marie Curie öz üstünlikli ýerine ýetiren işleri bilen dünýä meşhur bolan himik we fizikdir. Ol öz işleri bilen “Nobel” baýragyna mynasyp bolan ilkinji zenandyr.
5.Suan Anthony aýal-gyzlara hem ses bermekligiň tarapdary bolup, şol islegini kanuna salmagy başaran zenandyr. Ol 1854-nji ýyldan soňra “gulçulyk” düşünjesini ýok etmek boýunça işler alyp barypdyr.
#AtavatanTurkmenistan