ideallider
12.04.2024 08:46
IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 12

part-1

121. Kolibri diýilýän täsin guşlara birnäçe geň-üýtgeşik rekordlar berilendir. Ylyma belli bolan 330 görnüşli kalibrilaryň içinde, iň kiçisi "Ary-Kolibri"(Lat. Mellesuga helenae) bolup, olar Kuba-da ýaşaýarlar. Uzynlygy 5 sm-danam gysga bolan bu görnüşiň agramy 2 gramdan hem azdyr. Iň uly görnüşdäki "Pälwan-kolibriniň"(Lat. Patagona gigas) agramy hem 20 gramdan ýeňil. Olaryň ganatlary sekuntda 100 gezek pasyrdaýar(açylyp-ýapylýar). Uçuşlarynuň tizligi bolsa sagatda 80 km. Parahat-asuda wagtynda olaryň ýüregi minutda 500 gezek urýar, uçuş wagtynda bolsa 1200 gezek. Mundan başgada kolibriler yzlygyna uçup bilýän dünýädäki ýeke-täk guşlardyr.

122. Alýaskada ukudaky grizzli-aýyny, surata düşürmek üçin oýarmak kanun tarapyndan gadagan. Beýle kanuny bozan adam, jany-sag suduň zalyna gelip bilmez diýilen pikirem bar.

123. 1917-nji ýylda Rus buddizimiň ýokary lamasy Daşi-Doržo Itigelow bolupdur. 1927-nji ýylda, öz okuwçylary, lamanyň daşyny gurşap alan wagtynda, lotos herekedini-edip-oturup(Поза Лотоса), şol ýagdaýyndada jan beripdir. Lamany kedr-agajyndan ýasalan, kub(geometriki ölçeg) görnüşli guburda jaýlapdyrlar. Lamanyň wesýet etmegi netijesinde, 2002-nji ýylda gubur, merhum bilen gazylyp alynyp açyldy. Açylan wagty jeset, hiç-hili üýtgemändir we ynjamandyr. Şunlukda Rossiýanyň şahsyýetleri hasaba alyş bölüminiň sud-med-eksperti Wiktor Zwýaginanyň hasabatynda "...bedeniniň beloklarynda janly sypatlar bar" diýilen ýazgylar görkezilen.

124. 1971-nji ýylda, Kaliforniýanyň Stenford uniwersitetinde Koko atly gorilla okuw(öwretdiler) berdiler. Şol sebäpli Koko 1000-den gowrak lallaryň hereket-diline we 2000-den gowrak iňlis sözlerine düşünýär. Koko duýgularyny duýdurup bilýär, ýagny ol sögünýär we oýun-edýär, degişýär. Bir gezek ol näz edip, özüne guş diýdi hem uçup bilýändigini aýtdy, soňra bolsa uçup bilmeýänligini, muny bolsa degişip aýdanlygyny düşündirdi. Dogtor Fransin Patterson, görkezmelerinde, Kokonyň IQ-i(aň-düşünje-akyl barlaýjy testiň netijesi)95-e deň bolanlygyny belläp geçdi. Bu diýmek, Kokonyň aň-düşünjesi orta-uly ýaşly adamynyňka deň diýmekdir. Koko, 2018-nji ýylyň 19-njy iýunynda öldi.

125. Braziliýanyň oýnaklaýan(möýüň görnüşiniň atlandyrylşy=блуждающий) möýi, adamy agyryly çakanyndan soň, adamda priapizm(uzak wagtlaýyn we agyryly ereksiýa) döräp biler. Möý çakanyndan soň agyryly ereksiýa 12 sagada çekip biler hem medisina kömegi berilmese, önelgesizlige ýetirip biler. Möýüň awysyndaky Tx2-6 komponenti, alym-hünärmenler tarapyndan, ereksiýa-kemçiligine derman etmek üçin barlaglardan geçirilip öwrenilýär.
26
208
Relax
12 Aprel 2024
@ideallider, yok iki sany menzesh nik goyup bolonok
Akram_Beshimov
12 Aprel 2024
Zamana güýçliniñki gowurga dişliniñki
ideallider
12 Aprel 2024
@Serwi, aý bulam "Geň-galdyrmagyň" bir usulydyrda😄
ideallider
12 Aprel 2024
@Relax, ýene bir laýk hem köpelýär.
ideallider
12 Aprel 2024
@Relax, menden başgada ýene men barmy öwrenmelide? Men öz postlaryma like goýamok. Ýöne bildirişimde=уведомление "ideallider halady" diýip gelýärä🤷🏻‍♂️
flowers_
12 Aprel 2024
@geldiyevna, señem duran ýeriñ öýdýän şular ýaly zat görseñ😂
ideallider
12 Aprel 2024
@Akram_Beshimov, "Необходимо=Zerur gerek"🙂
Akram_Beshimov
12 Aprel 2024
Если голова работает, диплом необходимо
flowers_
12 Aprel 2024
Şü sapy gopan çarşagam çüýräp ýatyr saplaýmala diýip ýördûm, asyl peýdaly zada ulansañam boljak ekenä))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.