Gideli!
Ho-ol söýgimiziň başlanan ýerine,
Bakyşlaryň bir-birekden gizlenip,
Ýüreklere labyrlaň taşlanan ýerine.
Göwünleň birazajyk kemsinip,
Ymsynyp galan ýerimize gideli!
Süýjüje bagtdan tamşanyp,
Birek-birege bir üýtgeşik söz
Aýdasymyz gelen ýerine gideli!
Soň unudaly durmuşyň
Agyrysynam,
Agysynam,
Gülkinem,
“Ilkinem”...
Aramyza daş atjak bolan “tilkinem”...
Gujaklara ilki giren ýerimize,
Yşkdan beýhuş bolan serimize
Her tüýsli arzuwlar, höwesler
Gelen ýere gideli!
Biziň bir-birege
Juda-juda mynasypdygymyzy
Bilen ýere gideli!
O ýer ikimize keramat indi,
Bilsin bilmedikler!
Bilenler baş egsin
Hemem yşkyň ölen ýerine däl,
Doglan ýerine-de zyýarat edip
Bolýandygyny bilsinler!
...Alnyna degsin!
Meýlis Muhammedov