lavinya_
11.04.2024 09:45
Göwünler ýognapdyr, inçelip hoş söz,
Salamy berlenok öñküler ýaly,
Ynansañ satýalar, barysy boş söz,
Geñem görülenok öñküler ýaly.

Gürletseñ namazly, täretli kişi,
Emma sabyrynyñ käsesi deşik,
Şeýtana uýallar, ýalan sözleşip,
Alla el serlenok öñküler ýaly.

Tagamyn datsañam, datmasañam bir,
Hak sözi aýtsañam, aýtmasañam bir,
Gümany öýtseñem, öýtmeseñem bir,
Namyssyz dymanok öñküler ýaly.

Gum ýaly seçýäler, zer ýaly wagty,
Puldan gözlenilýär, ömirlik bagty,
"Şükir şu günüme, geljegim ýagty!", -
- Neçün diýilenok öñküler ýaly.

Minnetli edilýän sogabyñ soñy,
Birahat edenok o dünýäñ gamy,
Gaýta, şygar edip hileli heñi,
Duýgyñ duýulanok öñküler ýaly.

Gije-gündiz diläp, iliñ saglygyn,
Indi bildim d:aş diýenmiñ daglygyn,
Tobam bagt, sabrym uly baýlygym,
Men gowsy dymaýyn öñküler ýaly...

Awtor: Baýram BEJIDOW
28
51
nabat_
13 Aprel 2024
Gowmyy kizz😊🤗
flowers_
11 Aprel 2024
"Tobam bagt, sabrym uly baýlygym" 💜
Tayler
11 Aprel 2024
İne goşgy💥🔥
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.