Bio_girl👩‍🔬💫
10.04.2024 22:04
Italiýa barada gyzykly maglumatlar🇮🇹

🇮🇹Italiýanyň kenarlaryny üç sany deňiz ýuwýar. Olar günbatarda Tiren we Liguriý deňzi, gündogarda Adriatika deňzi, günortada bolsa Ion we Ortaýer deňzi bilen serhetleşýär.

🇮🇹Dünýä kartasyna seredeniňde, Italiýa geografiki taýdan ýerleşişi boýunça ädigi ýadyňa salýar.

🇮🇹Ýewropa döwletleriň arasynda Italiýa iň köp wulkanly ýurt hasaplanýar. Olaryň iň esasylarynyň biri hem Wezuwiý wulkanydyr.

🇮🇹Italiýa dünýäde iň berk nikalylaryň ýurdy hasaplanýar. Bu ýerde nika bozuş ýagdaýy üç ýyla çenli çekip bilýär.

🇮🇹Italiýada adam ömrüniň ortaça dowamlylygy 83 ýaş bolup, bu görkeziji Ýewropada iň ýokary görkezijileriň biridir.

🇮🇹Italiýanyň Bolonýa uniwersiteti diňe bir Ýewropada däl-de, eýsem, tutuş dünýäde hem iň gadymy uniwersitetleriň biridir. Ol 1088-nji ýylda esaslandyrylyp, şondan bäri hem işini üznüksiz dowam etdirýär.

🇮🇹BMG-niň düzümindäki ÝUNESKO Italiýanyň 50-den gowrak ýadygärlikleri girýär. Bu bolsa Italiýanyň dünýä miras beren ýädygärlikleriniň dünýäniň beýleki döwletleriniňkiden ep-esli köpdügini görkezýär.

🇮🇹Italiýada gije sagat birden daňdan sagat bäşe çenli plýažlara barmak gadagan.

🇮🇹Eger-de siz italýan restoranlarynda ýada kafelerinde nahary gaýry dilde buýursaňyz, bahalaryň iki esse galmagy mümkin. Ýerli ilat we syýahatçylar üçin nyrhlar tapawutlanýar.

🇮🇹Italiýada pizzanyň 2000-den gowrak görnüşi bolup, olaryň içinde iň millisi Margarita atly pizzadyr. Ol taýýarlanylanda hökmany suratda pomidor, mosarello we reýhan zerurdyr.

🇮🇹Beýleki ýurtlardan tapawutlylykda Italiýada 17-lik san şowsuz hasaplanýar. Esasanam anna güne gabat gelen ýagdaýynda. Bu olaryň öz yrymlary bolup, ol şeýle manyny berýär. Eger 17-lik sany rim sifrlerine geçirsek XVII emele gelýär. Ondaky sifrleriň ýerini üýtgetsek, şeýle görnüşdäki VIXI söz emele gelýär we latynçadan terjime edeniňde «durmuş gutardy» diýen manyny berýär.

🇮🇹Italýan baýdagy üç reňkden ybarat bolup, ýaşyl-ynamy, gyzyl-söýgini ak bolsa umydy aňladýar.

🇮🇹Rim döwletiň paýtagty bolup, dünýäde iň gadymy şäherleriň biridir. Ol b.e.öňki 753-nji ýylda esaslandyrylypdyr.

🇮🇹Italýanlary biri-birine futbola bolan söýgi has-da ýakynlaşdyrýar.

#Çeşme: «Biznes reklama» gazeti.
36
173
ideallider
10 Aprel 2024
Supercarlary köp öýdýän ýene iň köp çepe gidiji oglanlar italýanlar bolmaly😄👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.