Bilseň zyýan etmez. Moraly bolan hekaýa.
Şu döwürlerde, firmalaryň birinde ugur-tapyjy başlyk bar. Ol ähli işgärleri deň-tutup adalatly bolup halal aýlyk töläpdir. Emma ýekeje bir işgärine 3 adamlyk aýlyk berip, ol işgäriniň hormatyny aýratyn beýik tutupdyr. Başga işgärler bolsa başlygyň bu herekedine hiç düşünmän, ol 3 adamlyk aýlyk alýan işgäri mekir-ýalançy kezzap hasap edip, muny başlyga ýetirmegi makul bilipdirler we öz aralaryndan bir Esen atly oglany tutup ony başlygyň ýanyna, ýagdaýlary düşündürmäge ugradypdyrlar. Esen başlygyň ýanyna gelip:
- Başlyk, ol 3 adamlyk aýlyk alyp-ýöreniň şol aýlyga mynasypdälmikä diýýärin. Mynasyp bolaýanyndada nämçün oňa şonça aýlyk töleýäňiz. Bilmek mümkinmi?
+ Bolýa. Sebäbini aýdaýyn. Emma soňrak. Şuwagt bolsa sen bar gitde sklada ýük gelen bolmaly, näme ýükdigini bilip gel. - diýeninden ýaňky Esen gidip sklada näme ýük gelenini bilip başlyga aýtmak üçin gapyny kakyp giripdirde:
- Başlyk, sklada demir-ýükler gelipdir.
+ Nähili demirler? - diýeninden Esen jogap berip bilmändir we ýene sklada baryp nähili demirdigini bilip başlygyň kabinedine girip:
- Başlyk, öý-gurluşuk üçin demir-ýük.
+ Näçe tonnaka? - diýeninden ýene ýaňky Esen ýene sklada gidip näçe tonnadygyny bilip gelip:
- Başlyk 10 tonna eken!
+ Bolýa. Haçanrak gelipdir? - diýeninde Esen gaharlyja ýene sklada baryp ýüküň haçan gelenini sorapdyr we gelip:
- Başlyk irden 10:15-de gelipdir.
+ Bolýa. Hany meň şol gowy görüp hormatlaýan işgärim Muhammedi çagyr. - diýeninde ýaňky Esen ol hormatlanyp 3 adamlyk aýlyk alýan Muhammedi çagyryp gelip, ikiside başlygyň kabinetine bile giripdirler. Başlyk ol oglan bilenem saglyk-amanlyk soraşyp:
- Inim aýt. Sklada şugün näme geldi?
+ Başlyk şu gün demir-ýük geldi, sagat 10:15-de öý-gurluşuk demirler, ugalok 3 tonna, armatur 3 tonna, azyrak sim topbaklary 2 tonna, 2 tonna diregler. Olar Russiýadan getirildi, 1 hepde ozal aňyrdan ugradylyp şuwagt gelişleridä. Demirlere hiç-hili çoýun garylmadyk we olar arassa metal. Him-analiz muny makullady. Kabul edenem plany planyýew. Gol zat çekişdiler. Demir-ýükler suratada, wideoda alyndy...
- Bolýa bolýa. Bar gidiber. - diýip başlyk Muhammedi ugratdy. Esen entegem düşünenok. Başlyk bolsa pikirini jemläp:
- Sen näçe gezek sklada gatnadyň? 5-mi, ondan köpmi?
+ Sanamadymam başlyk.
- Inni bildiňmi nämçün oňa 3 adamlyk aýlyk töleýänimi? - diýeninde Esen pikirlenip galyberdi...
Awtory: Halk arasyndan.
Ýazga geçiren: IDEALLIDER.