Tayler
09.04.2024 21:07
Nýu-Ýork uniwersitetiniň geçiren gözlegleri ýaşlyk ýyllarynda durnuksyz iş tertibinde zähmet çeken adamlaryň 50 ýaşdan soň depressiýa we ukusyzlyga duçar bolýandyklaryny we dürli keseller bilen göreşmekde has ejiz bolýandyklaryny anyklady diýip, TechInsider habar berýär .

Alymlar 50 ýaşdan uly 7 müňden gowrak adamyň ruhy ýagdaýyna we beden saglygyna baha berdiler.
Netijeler şu aşakdakylary görkezdi:

Gatnaşanlaryň 26% -i ýaşlyk döwründe adaty iş tertipde zähmet çekipdirler;
35%-i – köplenç, kadaly iş tertibinde zähmet çekip, diňe käwagt işden soň galyp işläpdirler;
17%-i - 20 ýaşynda adaty iş tertibine laýyk işläp başlanam bolsalar, soň durnuksyz iş tertibine geçipdirler (agşam / gije çalşyklaryndaky iş, wagty kadalaşdyrylmadyk iş sagatlary);
10%-i - gözleg döwründe işlemändirler.
Alymlar, esasanam, gözlege gatnaşanlaryň 17% -li toparynda alnan görkezijiler bilen gyzyklandylar. Durnuksyz iş tertibi bu topary kesellere durnuksyz etdi, umumy saglyklarynyň ýaramazlaşmagyna, ukylarynyň bozulmagyna, fiziki ýadawlyga we sussupeslige düşmeklerine sebäp boldy.
Gözlegçiler gözlegiň netijelerini iş bilen şahsy durmuşyň deňagramlylygyny saklamagyň möhümdiginiň ýene bir subutnamasy diýip atlandyrdylar.


Tmcars
24
235
gulia_maksatmyradowna
11 Aprel 2024
@black_heart🖤, sag bol 🖤👌😅
gulia_maksatmyradowna
11 Aprel 2024
@Kicxi_maniak, şükür ýagşy. Özüňem gowsyňdyrla
gulia_maksatmyradowna
11 Aprel 2024
@Tayler, ämin Allajan aýdanyň gelsin 😅 şonda ýuwarys
gulia_maksatmyradowna
11 Aprel 2024
Hi wi degişýän🤦‍♀️ aýlygy köpelsin diýjekdim
gulia_maksatmyradowna
11 Aprel 2024
@Kicxi_maniak, saňada priwet 🙆‍♀️. Minnetdar saňada nesip etsin 💛
gulia_maksatmyradowna
11 Aprel 2024
@manolya, sag bol minnetdar:))
manolya
11 Aprel 2024
@gulia_maksatmyradowna, gutlaýan derejáňi
gulia_maksatmyradowna
11 Aprel 2024
@Tayler, goýaweri jan dogan seni nädip köşeşdirerkäm men beýtmäweri😅
gulia_maksatmyradowna
11 Aprel 2024
@Tayler, aýlyk kirmaşynyň bahasyna çenli galanda 😂
gulia_maksatmyradowna
11 Aprel 2024
@Karaleva_, sag boluş 🤗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.