alma___
09.04.2024 17:31
1 bòlùm
Bu waka baharda, badam güllånde
ýadyma düşýär. Şol waka diňe meniň
däl, saýat bolanlaryň hiç biriniňem
ýadyndan çykandyr öýdemok. Ol
barada ýazmaga ençeme gezek synanyşypdym. Emma başarmandym.
Belki, ol wakanyň meni erbet tolgundyrandygy üçindir. Belki-de,
ynsanlaryň köpüsiniň ýüregi mähirden doly
bolsa-da, käbiriniň namartlyklardan, göriplikden
sap däldigine hut Özümiň şaýat bolandygym
üçündir...
Bizi goňşy ýurtlarymyzyň birine üç ýyllyk.
gaýybana okuwa iberipdiler. Biz umumyýaşaýyş
jaýynda iki gyz bolup ýaşamaly bolduk. Men
Zeýnep diýen täjik gyz bilen ýaşaýardym. Derek
boýly, uzyn saçly gyzyň häsiýeti görmeginde-
nen gowudy. Ol meniň ýolbaşçylyk edýän
toparymdandy.
Oňem şu
şäherde ýokary okuw
jaylarynyň birini üstün-
likli gutaryp gidipdir.
Şonuň üçin ol şäheriň
içinem gowy bilyärdi.
Olaryň dilinde-de edil özleri ýaly gürleýärdi. Rus
diline-de ökde-di. Umuman Zeýnep jemgyýet-
çilik bilimlerini gaty gowy bilýän, bilimli, ýokary
düşünjeli gyzdy. Ustesine-de örän hojalykçydy.
Onuň bişirýän naharlary ýaly nahary menem
bişirip bilýärdim. Yöne ol bişirse, naharyň tagamy
üýtgeşik bolýardy.
Men häsiýetim boýunça göwnaçyk diýilýän-
lerden. Özüm, maşgalam, çagalarym barada
Zeýnebe bile ýaşap başlan gününiz gürrüň berdim. Ol weli dymýardy. Özi barada gürlemegi halamaýardy. Göreniňiz men-dä, ýüregim ýarylyp
barýan ýly ondan: «Seniň adamyň, çagalaryň
barmy?» diýip soramda, ol diňe kellesini ýaýkap
jogap beräýdi. Menem beren sowalyma gy-
nandym. Belki, onuň durmuşynda gürrüň ber-
mesi kyn bir ýagdaý bolandyr diýip pikir etdim.
şondan soň Zeýnebiň òzi dillenmese, ondan hiç
Zat soramaýyn diýen netijä geldim.
Gün yzyna gün, aý yzyna aý geçip, òwrenişip
gitdik. Her gezek synaglardan soň òýe gaýdamda Zeýnep gözüne ýaş aýlap, meni howa men-
menzilinden ugradardy. Men çagalarymyň ýányna
howlugardym. Olar bilen günde telefon arkaily
gürleşip dursam-da, çaltrak olary bagryma
basyp, alan sowgatlarym bilen begendiresim
gelerdi. Zeýnep barada bolsa öýe baramsoňam
pikirlenerdim. Şeýle ajayp maşgalanyň otuz baş
ýaşap. yeke gezip ýörşine gynanardym.
Indiki sessiýa, bahar aýlarynyň başyna
umumyýaşaýyş jaýyna baramda Zeýnebiň gele-
nine eyýäm birki gün bolan eken. Ol eýýäm ota-
gymyzy gül ýaly edip goýupdyr. Ondan gülleriň,
süýji naharyň, oňa goşulan dürli otlaryň ysy gel-
ýärdi. Yanynda-da owadan ýerli milletden bolan
gyz bardy. Gyz edil surat ýaiy owadandy. Özem
soňky nysakly ýewropa eşigindedi. Onuň dyrnak
lary uzyn barmaklary gözilginç uly göwher gaşly
ýüzüklerden doludy. Boýnundaky göwher gaşly
teneçir onuň gulagyndaky ysyrga bilen utgaşyp
gidýärdi. Ýöne olaryň ikisem gamgyn görünýärdi
Zeýnebiň-ả gözlerem aglana meňzäp, owadan
badam gabaklary pökgerip durdy. Zeynep:
- Bu gyz menin uniwersitetde bile okan
synpdaşym Rano, ol şu säherde ýaşaýar.

dowamy bar.
26
158
ayymsha
10 Aprel 2024
@indi, dowamyna garaşýan
hayal_1809
10 Aprel 2024
Dowamyna garaşyas
alma___
9 Aprel 2024
Dowamy gyzykly
tyllayev_allanur
9 Aprel 2024
Dowamyna garasyan...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.