Paradise
09.04.2024 12:13
Göwnüm tapmak kyn düşer

Meň göwnümi tapmak saňa kyn düşer,
Ýagyş bolsaň, göwnüm gary höweslär.
Saňa daş zat maňa has ýakyn düşer,
Sen gin bolsaň, göwnüm dary höweslär.

Düşünmeseň goşgularmyň heňine,
Nädip ýetjek,men göwnümiň deňine?!
Sen asuda ýanýaň yşgyň şemiňe,
Meniň göwnüm ataş-nary höweslär...

Gin bolsa-da bu dünýänin çygyry,
Neçun alnymyzda ýyllan ýygyry?!
Erteki sen,
a men göwnüm şygyry...
Hemem akyp ýatan many höweslär...

Kyn düşse-de diýip "Men nä Leýlimi?"
Jahekleýän, saňa bolan meýlimi.
Sen küýsärsiň şol baglaryň seýlini,
Meniň göwnüm belent dagy höweslär...

Ýakynlaşyp bilmän,
bilmän höwrüge,
Diýýäň "Ne kyn, gep düşürmek göwnüňe?!"
Sen gidiber...
ýöne, gelme, öwrülip!
Göwün, meger, ýalňyz çagy höweslär...


Aýgül Garaýewa
28
63
ilhano_va
22 Aprel 2024
@Paradise, gowy bolsanyz bolya Jennet gowy menem şükür Alla iş guýç başagay
Paradise
16 Aprel 2024
@ilhano_va, howa gowy menem, işem cagalaram sen nahili
ilhano_va
16 Aprel 2024
@Paradise, yagsy sukr gowjamy iş guýç cagalar öz yagdaylaryn?
Paradise
15 Aprel 2024
@ilhano_va, salam Kowser gowy ozunem gowmy
ilhano_va
15 Aprel 2024
Salam Jennet gowmy?
ayymsha
9 Aprel 2024
Göwün üýtgeşik zatda!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.