alma___
08.04.2024 10:37
Hekaýa.

Durmuş ýoly
òwrüm-òwrüm. Zurnalda çap edilýän makalalary höwes bilen okap, durmuşymda ýalňyş hereketleri
emejek bolup çalyşýaryn. Yöne durmuşda her hili ýagdaýlar bolýar.
Men Aman bilen tötönden tanysdym. Ýagny ol biziň
òýmüze jaň edip, birini sorady. Menem onuň ýalňys
dùsendigini aýtdym. Ol bolsa soň-soňlaram jaň edip:
- Sesiňiz şeýlebir ýakymly welin, siziň bilen gürleşnek
bolýan. Meniň adym Aman - diýip, özi bilen tanyşdyrdy.
Seydip, biziň aramyzda tanyşlyk açyldy. Biziň telefon arkaly gürrüňdeşligimiz birnäçe aý dowam edensoň, Aman
meni duşuşyga çagyrdy. Onuň bilen görüşmegi menem
arzuw edýärdim. Sebäbi gepleýiş äheňinden onuň
ôran akyly, salyhatly hem-de dünýägaraýşy giň oglana
meňzeýärdi. Men Aman bilen duşuşmaga razy boldum.
Şäherimiziň seýilgähleriniň birinde duşuşmagy karar etdik.
Duşuşmaly wagtymyz golaýladygyça men tolgun-
ýardym. Bezenip-beslenip, duşuşyk belleşen ýerimize
bardym. Seretsem, eli ter çemenli bir ýigit ýylgyryp dur.
Meniň ýaýdanyp, ädimimi haýaladanymy gören dessine
ol maňa baka ýöneldi-de:
- Siz Gözel bolsaňyz gerek. Siz-ä meniň göz öňüme
getirişimden hem owadan ekeniňiz- diýdi welin, dünýä
me rahatlyk aralaşdy.
Biz ondan-mundan gürleşip, esli wagt oturamyzsoň
öýmüze gaýtdyk. «Men onuň göwnüne ýaradym-
ykam?» diýen sowal kellämden çykanokdy. Belki ol
hem şol sowaly òzüne onlarça gezek berendir diýip pikir
edenimem şoldy welin, Aman maňa jaň edip:
Gözel, şu gün men seni sòýýändigime has takyk
göz ýetirdim. Eger garşy bolmasaň, gel, ikimiz toý edeli.
Maşgalamyzda men iň ulusy. Ahlisi meniň öýlenerime
garaşýar. Onsoňam, ejem ýaranok, çaltrak öýlensem
kem däl– diýdi.
Amanyň bu sözleri meni aljyraňňylyga saldy. Sebäbi
men maşgalamyň körpesidim, Özümden uly iki agam,
gyz doganym bardy. Men Amana hiç zat sòz berme-
dim, onuň teklibi hakynda oýlanjakdygymy aýtdym.
Soňabaka Aman meni howlukdyryp başlady. Yöne
biziňkiler razy bolmansoň, men Aman bilen arany aç-
maly diýen netijä geldim, onuň jaňlaryna jogap bermedim, çakylygyna çykmadym.
Şeýlelikde aradan iki ýyl geçdi. Bir gün Aman maňa
jaň edip duşuşyga çagyrdy. Men oňa ýok diýip bilme
dim. Aman meni görenden:
- Sen näme üçin biziň söýgimize beýle ýüzleý
çemeleşdiň? - diýip, nägileligini bildirdi.
- Bagyşla meni, Aman! Men örän ejiz ekenim, soýgimiz üçin göreşmäge mende hiç hili erk-ygtyýar ýokdy -
diýip, men ondan ötünç soradym.
- Bolýar, ýöne indi beri aramyza tow düşmäwersin,
Gözelim- diýip, Aman maňa ýylgyryp bakdy.
Bir günem işim düşüp, Amanlara jaň etmeli boldum.
Maňa bir gelin jogap berdi.
-O-a ýok. Ony kim soraýarka?
- Men Gözel. A siz kim?
- Men Amanyň gelni - Eneş.
Üstümden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Asyl ol iki
ýyl mundan öň öýlenipdir, olaryň bir gyzjagazy hem bar eken. Aman bu ýagdaýy şeýle düşündirdi:
- Ejemiň ýarawsyzdygyny saňa aýdypdym ahyry.
Şonuñ üçin men tizden-tiz òýlenmeli boldum. Sen razy
bolmaňsoň, garyndaş gyzyma öýlendim. Yöne men diňe seni söýýän, Gözel. Eger isleseň men gelnim bilen aýylyşyp, saňa öýleneýin - diýdi
Mähriban okyjylar! Maňa ejir berýän bu söýgä nähii
çäre tapyp borka?! Men nätsemkäm? Ikinji bolup ba
raýyn diýsem, il-günde ýok zat däl, durmuşda duş gelýär.
Yöne olaryň maşgalasyny bozup, çagany atasyz hem
goýasym gelenok.
Başga birine baraýyn diýsem, ýüregim edenok. Amandan başga gözüme hiç kim görnenok. Men-ä kelebiň
ujuny ýitirendirin. Maňa maslahat, dogry ýol salgy beriň!

G. JUMAÝEWA,
21
143
medik_
9 Aprel 2024
@indi, 👍
alma___
8 Aprel 2024
@medik_, şeýle òýdýàn, telefonda tanyşýan ýaşlaryñ ýalñyşýan şeýle wakalara duş gelýàn wagtlary bolýar ,Belkem okap oýlanyşarlar diýip goýdym,Òñkilerimiz aýdypdyra,,Ýedi òlçe bir kes" diýip
medik_
8 Aprel 2024
@indi bu agzalar oz durmusyndandyr oytyaler oytyan🥴
asjika
8 Aprel 2024
Inni ýüregini başga kişä berjek bolay biriniň maşgalasyny bozmak gaty uly günädir
medik_
8 Aprel 2024
Źurnal mydama menem okardym .Garagum źurnaly has tasirlidi.zenan kalbam beter gowy😁
alma___
8 Aprel 2024
@1204, dogry biriniñ maşgalasyny bozyp bagtly bolyp bolmaz
1204
8 Aprel 2024
Oglan seni çyn bn sòÿeninde başgasyna óÿlenmezdi,onuñ maşgalasyny bozma,wagt geçsin başga durmuşa çyk we ony sóý bu meniñ pikirim òz yùregiñi diñle
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.