flowers_
08.04.2024 06:40

Doganlaryma.


Heläk edýär gamdyr gussa,
Ýeke barlygñy bileýin.
Ýakynyñda bolup käşgä,
Gülüp baksañ ýylgyraýyn.

Syrlaşaýyn derdim egsip,
Otyrsadym gülüp degşip.
Bir birege goldaw berşip,
Gamlanañda güldüreýin.

Barlygyñ dälmidir derman,
Dogansyzlar çeker arman.
Durmuşy dyngysyz saýman,
Hossarlygmy bildireýin.

Siz barkañyz köşk bor külbe,
Diñe hoş söz dolýar dilme.
Hiç özüñe ýeke diýme,
Ýeke däl men diýdireýin.

Kyn däl-ä käte görüşmek,
Ýagşy-ýamanda baryşmak.
Az pursatdyr menzil aşmak,
Didarlamyz gandyraýyn.

Her bir ynsan öz ýerinde,
Ýöne dogan duz ýerinde.
Hiç zat bolmaz duz deregne,
Mydam bagta çoýduraýyn.



Öwezowa Bilbil.
24
42
Tayler
8 Aprel 2024
@flowers_, düşnükli
flowers_
8 Aprel 2024
@Tayler, ýok ol däl
Tayler
8 Aprel 2024
Awtor Myrat Öweziň aýaly Bilbil Öwezowamy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.