lavinya_
07.04.2024 14:54
Gorky hereketsizlige eltýär; hereketsizlik tejribäniň
bolmazlygyna sebäp bolýar; tejribesizlik nadanlygy döredýär; nadanlyk
gorkyny emele getirýär.***
Gorkynyň gözüne dogry bakmak bilen siz ony ýeňjeksiňiz.

***
Başdan geçirýän gorkylarymyzyň aglabasy hiç bir fakta (delile) esaslanmaýar. Olar biziň duýgularymyzyň önümleridir. Miçigan uniwersitetiniň geçiren barlag-seljermesi şu aşakdaky ýagdaýy ýüze çykarypdyr.
Gorkularymyzyň 60 göterimi hiç zada esaslanmaýar: biz hiç
haçan bolup bilmejek zatdan gorkýarys.
Gorkularymyzyň 20 göterimi biziň erkimizde bolmadyk geçmiş bilen baglanyşyklydyr.
Gorkularyň 10 göterimi durmuşymyza esasly täsir ýetirip bilmejek, oňly ähmiýeti bolmadyk zatlar bilen baglydyr.
Galan 10 göterimiň diňe 4 ýa-da 5 göterimini esasly diýip ykrar etmek bolar.
Bu statistika gorky sebäpli sarp edýän wagtymyzyň we
energiýamyzyň 95 göteriminiň bolgusyz ýere harçlanýandygyny
görkezýär.
Bu bir henegi ýada salýar. Gije. Aýaly ärini oýarýar:
— Bert, oýansana. Aşaky gatda talaňçynyň, aýak sesi eşidilýär.
Bert, oýan ahyry!

— Bolýar, bolýar, ine, turdum — diýip, on müňünji ýola
aýdylan Bert, krowatdan sallan aýaklary bilen çepegini sermäp tapyp, zoraýakdan otagdan çykyp, basgançak bilen aşaklygyna ýönelýär.
Düşen badyna özüne çenelip duran nagan nilini görýär.
— Dur, butnama, gardaş! Gymmatly zatlaryňyzy, puluňyzy
nirde saklaýanyňyzy görkez — diýip, ýüzi örtükli garakçy azmly heňkirýär.
Bert görkezýär. Talaňçy puldur gymmatbaha şaý-sepleri
haltasyna gapgaryp, ökjäni götermekçi bolanda Bert oňa ýüzlenip, şeýle
diýýär:
— Aýak çeksene. Gitmezden öňünçä ýokary çykyp, aýalyma bir görnüp gaýtsana. Ol indi 30 ýyl bäri her gije size garaşýar ahyryn.

***
Siziň arzuwlaryňyz gorka garşy iň bir netijeli melhemleriň
biridir.

***
Ahyr netijede nämäni saýlajaklygyňyz özüňize bagly. Siz ýa-ha gorkyňyzy iýmleýänsiňiz, ýa-da ony açlykdan ýaňa lagar düşüp ölmäge iterýänsiňiz.
Eger ynamly hereket etseňiz, bu sizi üstünlige ýetirer, eger gorka has köp ähmiýet berýän bolsaňyz welin, bu sizi şol bir duran ýeriňizi debsiläp durmaklyga elter.

***
Ýaryşlara gatnaşyp birinji bolup gelip bilmedik wagtyňyz her gezek ösüş derejäňizi ölçäň. Eger siz geçen sapar bäşinji, bu gezek bolsa dördünji bolup pellehana gelen bolsaňyz, bu ýeňliş däldir. Bu üstünlikdir. Bu ösüşdir. Ynha, şu-da ýykylsaň, öňe ýykylmagy we gerekmejek saklanmalardan gaça durmaklygy aňladýar.

***
Leňňeç tutujylar tutan leňňeçlerini bedrä ýa-da sebede atar
ekenler. Eger sebetde diňe ýekeje leňňeç bolsa, onda sebede gapak
ýapmaly bolýarmyş, emma iki ýa-da ondan hem köp bolsa, sebedi örtmäge zerurlyk galmaýar eken. Sebetde birnäçe leňňeç bolsa, olar çykmaga dyrjaşýana asgynçak bolup, birden biriniň çykmagyna päsgel berýär ekenler. Bişow adamlaryň hem aglabasy şeýle hereket edýärler.

Toplan we terjime: Orazmyrat MYRADOW
29
111
ideallider
13 Aprel 2024
Dünýäde iň erbet adam, gorkak adam. Sebäbi ol gorkusuna ejesini hem satar👍
lavinya_
8 Aprel 2024
@Sunshine lady, 🙋🏻‍♀️....🙈... gowymy?
Abat_
7 Aprel 2024
Ejegul
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.