olia
06.04.2024 14:20
Doňuzyň üstünde uruş.
1846-nji ýylyň 15-nji iýunynda ABŞ bilen Beýik Britaniýanyň arasynda baglanyşylan Oregon şertnamasy iki ýurduň Demirgazyk Amerika materigindäki araçägini kesgitläpdir. Emma şol döwürde ösen tehnologiýalaryň ýoklugy, Ýeriň iň takyk kartasyny çyzmagyň kynlygy sebäpli käbir ýerler dawaly bolup galypdy. Şeýle ýerleriň biri-de San-Huan adalarydy. Iki ýurt hem bu adalary özüniňki diýip yglan edip, adamlaryny getiripdi. Britaniýanyň Gudzon aýlagyndaky Kompaniýasy San-Huan adasynda öz işini ýola goýdy we goýun fermasyny açdy. Şol bir wagtyň özünde 1859-njy ýyla çenli adada 25-29 sany amerikan raýaty ýaşaýardy.
1859-nji ýylyň 15-nji iýunynda, San-Huan adasynda ýerleşen amerikany Laýman Katler öz bagyna ullakan doňuzyň girendigi we onuň ýeralmasyny iýýändigi gördi. Bu ýagdaý eýýäm ilkinji gezek däldi, we gaharlanan Katler doňuzy atyp öldürdi. Öldürilen doňuzyň Gudzon aýlagyndaky kompaniýanyň goýun fermasyny dolandyrýan irlandiýaly Çarlz Griffine degişlidigi ýüze çykdy; onuň birnäçe doňuzy bardy we olar islän ýerlerinde gezýärdiler. Bu wakadan öň konfliktiň iki tarapy-da asuda ýaşaýardy. Katler doňuzyň öwezini dolmak üçin Griffine 10 dollar teklip etdi, ýöne Griffin 100 dollar talap etdi. Soňra Katler doňuzyň öz topragyna hyýanatçylykly girendigi sebäpli asla hiç zat tölemejekdigini aýtdy. Iňlis häkimiýeti Katleri tussag etjekdigi bilen haýbat atanda, amerikaly daýhan harby gorag üçin öz häkimiýetine ýüz tutdy.
Oregon harby raýonynyň serkerdesi, general William Harneý, kapitan Jorj Piktiň ýolbaşçylygyndaky 9-njy pyýada polkuň 66 esgerini iňlisleriň ada gelmeginiň öňüni almak üçin San-Huan adasyna iberdi. Eger-de gözegçiliksiz galdyrylsa, amerikanlar San-Huanda ilatyny köpeldip başlarlar öýdüp, iňlisler kapitan Jeffri Hornbiniň ýolbaşçylygynda üç söweş gämisini iberdiler. Güýçleriň möwjemegi başlandy we 1859-njy ýylyň 10-njy awgustyna çenli polkownik Silas Keýsiniň baştutanlygynda 14 sany ýaragly 461 amerikan esgeri 167 sany ýaragly we 2140 esgerli bäş sany iňlis harby gämisi bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Wankuweriň iňlis koloniýasynyň gubernatory Jeýms Duglas kontr-admiral Robert Baýnese ada hüjüm etmegi we ol ýerden amerikan esgerlerini kowmagy buýurdy. Baýnes bu buýrugy ýerine ýetirmekden ýüz öwürdi we iki beýik ýurt üçin doňuzyň üstünden söweş başlamagyň samsyklykdygyny aýtdy. Iki tarapdaky ýerli serkerdelerede şol bir buýruk berildi: hüjüm edilse goranmak, ýöne hiç hili ýagdaýda-da ilkinji bolup ot açmazlyk. Birnäçe günüň dowamynda iňlis we amerikaly esgerler biri-birini öjükdirjek bolup kemsidiji sözler aýtdylar, ýöne hiç hili ok atylmady.

Krizis baradaky habar Waşingtona we Londona ýetende, iki ýurduň resmileri geň galdylar we uruş döredip biljek ýagdaýy gowşatmak üçin çäre gördüler. Sentýabr aýynda ABŞ-nyň prezidenti Jeýms Býukenen general Uinfild Skotty gubernator Jeýms Duglas bilen krizisi çözmegiň ýollary barada gepleşik geçirmek üçin iberdi. Oktýabr aýynda Skott San-Huan şäherine geldi we Duglas bilen gepleşiklere başlady.
Gepleşikleriň netijesinde taraplar San Huan adasyna bilelikde eýelik etmeklige bu mesele çözülýänçä dowam etdirmek barada ylalaşdylar, ýöne şol bir wagtyň özünde iki ýurduň bu ýerdäki goşunlaryny her tarapdan 100 adamdan köpeltmeli däl. Iňlis düşelgesi adanyň demirgazyk çetinde, kenar ýakasynyň golaýynda (Wankuwer adasy bilen aragatnaşygy aňsatlaşdyrmak üçin), Amerikan lageri günorta çetinde ýerleşýärdi.
ABŞ-da tiz wagtdan başlanan raýat urşy sebäpli bilelikdäki eýeçilik 12 ýyl dowam etdi. Uruş wagtynda ýerli häkimiýetler Britaniýany diňe jedelli sebiti däl, eýsem tutuş sebiti birikdirmäge çagyrdy, ýöne resmi Iňlis häkimiýetleri muňa razy bolmady. 1871-nji ýylda Beýik Britaniýa we ABŞ Waşington şertnamasyna gol çekdiler. Netijede, beýleki meseleler bilen bir hatarda San-Huan bogazynyň meselesiniň halkara arbitrar kazyýeti arkaly çözüljekdigi mälim edildi. Taraplar nemes Kaýzer Wilgelm I-i araçy saýladylar. Wilgelm bu meseläni bir ýyl töweregi Ženewada duşuşan üç adamdan ybarat bolan komissiýa toparyna iberdi. 1872-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda komissiýa bu meseläni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň peýdasyna çözdi: adalar ABŞ-nyň ýeri diýlip yglan edildi.

Iňlis deňiz güýçleri 1872-nji ýylyň 25-nji noýabrynda adany terk etdiler, 1874-nji ýylyň iýul aýynda Amerikan goşunlary yza çekildi.
20
78
Akram_Beshimov
6 Aprel 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.