lavinya_
06.04.2024 12:40
Bagyşlansyn kir-kimirli hatalar,
Göwni ýykan, ötünjini sorasyn,
Bäş günlüjek sanalgyja ömürde,
Dert-beladan Allaň özi gorasyn.

Ýygy-ýygy sorap aman-esenlik,
Arka boluñ, ýykylana, ejize!,
Amanadyň alynmanka eliňden,
Berlewersin, bagtdan paýly nesibe.

Kine bilen garamasyn dideler,
Aladalar unudylsyn gursakdan,
Päk niýetler sabyr bilen dostlaşyp,
Lezzet bersin iň bir ýagşy pursatda.

Dilegmizi kabul etsin Hak Alla,
Rehimi inewersin guluna,
Köp ynsanyñ akly biraz kemäpdir,
Haky undyp, daýanýalar puluna.

Emma welin iñ bilmeli zadymyz,
Dowul bilen açylmasyn gapylar...,
Zikir bilen örüň, dogan säheri,
Saglyk bolsa galanlary tapylar

Awtor:Baýram Bejidow
19
26
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.