Küýsegim
Küýsedim.. Küýseýän, ýadyma salsam,
Küýseg bilen mydam adyñ tutaryn,
Hasrat dutar bolsa, men ony çalsam,
Döwülerdi derdimden niçe dutarym.
Ýanymda göremde, oýansam düýşdir,
Ýylgyran bolsam-da, gözlerim ýaşdyr,
Umydym bolsa-da, barysy boşdyr,
Ýene-de gözleýär, ony gözlerim.
Kalbymyñ owazy hasraty çalar,
Hasratym gursakda ot bolup ýanar,
Hyýalym gözlerñi ýadyma salar,
Küýsedim.. Ölýänçäm seni küýsärin.
©Ömürdag Tagandurdyýew.