alma___
05.04.2024 15:05
Rowaýat

Òñki zamanda bir pàkize aýal bar ekeni.Ol òz òýi hojalygy bilen bolar ýòrer ekeni.Bir guni dañdan ýatyrka ol bir dùyş gòrýar. Dùýşinde bir perişde sypat ýaşuly oña ,,Bu gun òýiñe Allatagala nazar saljakdyr senden habar aljakdyr garaşyber"" diýipdir.Aýal ukydan oýanyp begenip, òyini tòwerek daşyny arassalamak bilen bolyberipdir.Şol wagt daşkyrak goñşylarynyñ biri gelipdirde ,,Goñşy menà garyndaşlarymyñ sadakasyna barýardym,çagamy alyp gitsem horlanjak goýyp gitmànede òýde hiç kim ýok ,sen şu çagany òýlàne çenli alyp galyp gòzlàp berày "diýip 3 4 ýaşlaryndaky ogyljygyny getiripdir.Onda òý eýesi aýal ,,Ýok goñşy şu gùn men çagañy alyp galyp bilmen işim kop başda birine goýay" diýipdirde goñşysyny ugradypdyr.Soñra nahar taýyarlap başlapdyr ,Hahar taýýarlaýarka bir garryrak aýal onyñ ýanyna gelip.,,Gelinjan men geçip barýardym welin ýadapdyryn bir çaý berip bilmersiñmi" .diýipdir.,,Wah daýza şu gùn meniñ wagtym ýokda menìñ ìşim kòp sen anha ol goñşylara baraý diýip goñşylaryny salgy berip ony hem òýine salman ugradypdyr.Nahar bişirip saçak ýazmaga başlapdyr.Şol wagt garyndaşlaryndan bir aýal gelip ,,Men oglym ùçin Meretlere guda bolmaga gitmekçidim sen maña ýoldaş bolyp gidàyseñ diýip geldim ýòr gidip geleli diýipdir.Onda ol aýal,,ýok bu gùn men myhmana garaşýan "diýip onyñ bilen gitmàn ony hem ugradypdyr.Hemme zady taýýarlap garaşyp otyrşyna irkilenini duýman galypdyr.Dùýşine ýenede şol ýaşyly girip ,,Keýgim sen indi garaşyp otyrma Hydyr ata seniñ òýiñe 3 gezek bardy.Uçisinde-de sen onyñ mòhimini bitirmediñ" diýipdir

Her geleni Hydyr bil,her gijàni Gadyr bil diýen nakyl şondan dòràn bolsa gerek
27
166
yurek
6 Aprel 2024
Insaalla bizin oyumuzede Allajan Hydyr atany yollayady-da
alma___
5 Aprel 2024
ALLA, òýiñizi nura,saçagyñyzy nana doldyrsyn, màhribanlar
ayymsha
5 Aprel 2024
👍👍
zumer_chas
5 Aprel 2024
@Akram_Beshimov, duşan ýagdaýyñzda-da ony hiç kime aýtmaly däl diýýäler
Akram_Beshimov
5 Aprel 2024
Hydyr Ata hakykatdanam bolupdyr, taryhda ýaşap geçen şahs. Emma indi Ol ýogaldy. Şoñ üçin oña duşmak isläp garaşmak, geler diýip umyt etmek külli günädir.
medik_
5 Aprel 2024
👍
kralinkizi
5 Aprel 2024
Gaty manyly we peydaly post bolupdyr 👍🏻 Haladym❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.