flowers_
05.04.2024 08:49


Säher oýandym. Ýerbe-ýer bar zat.
Göýä meñ gözlerim şatlykdan doly.
Asmana garadym şeýle päkize,
Şonda-da göwnüme bir zat kem ýaly.

Ýuwundym, ardyndym, garbandym biraz,
Howlukman ugradym dükana sary.
Mähirli görüşdim adamlar bilen,
Şonda-da göwnüme bir zat kem ýaly.

Gezelenje çykdym gözel o:bama,
Synladym durmuşy, ýodany-ýoly.
Durmuş gyzgalañda, ýol şüweleñde,
Şonda-da göwnüme bir zat kem ýaly.

...öýlendim, jaý gurdum, ulag edindim.
Daşyndan synlasañ, bar zat jem ýaly.
Çagalarym oýnap ýörler howluda,
Şonda-da göwnüme bir zat kem ýaly.

Kyblam atam! Käbäm enem!-ezizlem!
Sizsiz bu durmuşym gury gum ýaly.
Ne ýaşlykda, ne ömürde many bar,
ýürek gamdan doly, kelläm hum ýaly.

Bir uly kürsüni eýeläp ýörün,
Şonda-da göwnüme bir zat kem ýaly!

https://interesnoe.me.
24
83
flowers_
7 Aprel 2024
@enes_🧿, şonda açylsada oñaý😁
flowers_
7 Aprel 2024
@enes_🧿, howwala
flowers_
7 Aprel 2024
@enes_🧿, sazlamara gireñde sesli bildiriş diyip bardyr
flowers_
7 Aprel 2024
@enes_🧿, açan dalsiñ bildirişleñi
flowers_
7 Aprel 2024
@enes_🧿, howwa
flowers_
5 Aprel 2024
@geldiyevna, halanyñy aýtmak üçünem halapsyñ😂
alma___
5 Aprel 2024
😌😌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.