Agladym..
Aklyma geldi gözleriñ,
Boýnum bükdim agladym,
Ähli beren wadalaryñ,
Ýada saldym agladym.
Janlanyp sen hyýalymda,
Gözledim seni ýanymda,
Tesbih alyp sananymda,
Hasrat çekdim agladym.
Aýralyk.. Şeýlebir ýaman,
Çykabilmez bir gark bolan,
Gül deýin saralyp solan,
Ýaprak dökdim agladym.
Unudaýsam seniñ sesiñ,
Ýa-da seniñ ajap keşbiñ,
Unudaýsam gara gözüñ,
Öýdüp gorkdym agladym.
Ýene bir ýyl geçer sensiz,
Ýer astynda sen hem mensiz,
Zalym dünýe bize deñsiz,
Gözýaş dökdim agladym.
© Ömürdag Tagandurdyýew.