alma___
04.04.2024 13:26
Gadym zamanda bir ýigit han hezretleriniň kabulhanasyna baryp.
-Han aga, maňa bir işjagaz berseňiz!
Han ony synlap.
–Wah, inim, hemme emeller eýeli ahyryn. Ynha, guşbegi, diwanbegi
onbegi ýaly emeller-de eyeli. Onsoň men saňa näme emel berjegimi
bilemok-da-diýýär.
Ýigit tagzym edip:
-Han aga, maňa hatlap-möhürläp şemalbegi
wezipesini beraýin
diyeninden köşkdäkileriň hemmesi gyzyl-gyran bolanlar.
Yigit aljyraman:
-Han hezretleri, maňa şol emel bolýar. Yöne maňa on sany nöker, bir
tirkem düýe, üç-dört sany köne kilim, Özüme egin-baş, at-ýarag berseńiz
diyyä.
Han we onuň köşk emeldarlary gyzyl-gyran gülşüp, «Ynha-a
şemalbegidigiň hakda güwäň» diýip, ýaňky ýigididiñ diýen zatlaryny berip ýola salanlar.
Halkyň ak ekine orak salan, harman alýan günleri eken. Harmanyny döwip
bolup, ýaňy çäjini harpykdan saýlamaga duranlaryň ýaňky ýigit baryp şemal gelýàn
taýyna kilim, palas tutýarmyş. «Bi nätdigiň boldugy, gaç beyläk?l» diýselerem, yaňkyň eli hatly, yany hem nökerlimiş.
Millet basga düşen: «Şemalbegi gelipmis, hiç kime harman aldyranok
diýip.

Bir gün köşgüň daşky zaňy zaňňyrdapmyş. Çykyp görseler, bir tirkeş
düýe arkasy ýükli gelipdir.
Han hezretlerine aýdanlar:
-Siziň şemalbegiňiziň daýhanlardan ýeliň muzduny ýygyp hazynañyza
ibermesiniň netijesi şudur.
Şonda han hezretleriniň ýanyndaky bir alym, dana kişi:
-Han hezretleri, Yaradanyň ýaradan ýagtylygy, tümlügi, ýagyş-ýagmyrny
yeli-şemaly üçin halkdan töleg almak heniz görlen däldir. Şemalbegiñizi
gaýtaryň, halky ynjytmaň-diýýär.
Onsoň han bu sòzlerini dogry bilip, «ugurtapyjy» yeser ýigide ýer-suw bölüp bermegi, özünide
miraba kömekçi edip bellemeklerini buýurýar.
19
76
medik_
4 Aprel 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.