2006
04.04.2024 07:11
Gör neneň ajaýyp owadan mekdep
Şol owadan mekdebiň abraýy belent
Abraýly owadan mekdep bolmak hem
Hemmesine nesip edenok elbet

Atamyrat Nyýazow adyn göterýän
24 nji mekdep meniň mekdebim
Eziz mugallymlam siz uzak ýaşaň
Işiňiz ileri bolsun dilegim

Güýçgeldi mugallym mekdep müdiri
Gaty gowy saklaýar ol mekdebi
Entek täze bolan bolsa-da müdir
Çagalarda terbiýelär edebi

Hormatly gadyrdan Nyýaz mugallym
Hemmämizi terbiýeläp janygýar
Daşyndan gazaply görünse-de ol
Ýüreginde çagalara mähri bar

Mähri mugallymy taryplamaga
Sözler ejiz gelýär men ony bilýän
Mugallymlaň aladasyn edýäňiz
Size Biribardan saglyk dileýän

Awtory: Söýli Rozyýewa
12
30
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.