alma___
04.04.2024 05:26
4 bòlùm
Mergen atasyna
Men Maýsany bäbekhana alyp gitjek, maňa ak pata beriň.Agtygynyñ
sözleri garrylaryň gözüne begenç ýaşyny çaýdy.
Hangeldi oba keselhanasyndan şäher keselhanasyna Meret tilkiniñ
kömegi bilen geçirlipdi. Ol ýerdäki lukmanlardyr Şepagat uýalary
Hangeldinin beýdip yuze çapmasyna haýran galsalar-da, onuń ellerinin
ussatlygynyň
önünde baş egýärdiler. Bu günem içjek kofesini lezzet bilen
tayyarlap duran Hangeldinin ýanyna şepagat uýasy aljyrañny halda gelip
yüzlendi:
Hangeldi Baýlyýewiç, bize bir ýaş ýigidi getirdiler, maşyn kakypdyr.
Bahymrak göräýmeseniz ýagdaýy öwerlik däl. Göräýseňiz.
Sepagat uýasynyrn howsala bilen gürleýşini eşitmeyän ýaly, Hangeldi
cemcejisi bilen kofesini bulap durşuna biparhlyk bilen dillendi:
– Hossarlary geldimi?
Şepagat uýasy:
–Ýok, entek gelen adam ýok diýdi. Hangeldi şepagat uýasynyň
yüzüne-de seretmän:
-Gelenlerinden soň bararyn, hiç zat bolmaz. Şepagat uýasy gapydan
nähili çykanynam duýman galdy. Yene oljasynyň onjagyny hyýalynda oýlan
Hangeldi bolsa, kofesine giymendi. Biraz wagt geçeninden soň, şepagat
uyasy täzeden geldi. Hangeldi ony görenden ýene önki sowalyny berdi.
Henizem yigidiň hossarlarynyň gelmänigini eşidende bolsa, şepagat
uýasyna azmly darady:
Name yüregin ýarylyp barýar, kofe içmäge goýmadyň, bar, işiň bilen
bol.
Gyz onuň gözleriniň gahardan gyzaranyny görüp, aljyrap, gapyny
yapmagy-da unutdy.
Hangeldi:
Öyünizde gapy bir barmy? diýip, sesine bat berdi.
Gyz sesini çykarman, yzyna dolanyp gelip gapyny yapyp gitdi.
Hangeldi öz ýanyndan: «Her birinin ýanyna ylgap baryp dursaň, gadyryň
bolarmy?» diýip, özüne öwüt berdi. Şol wagt telefon jyňňyrdady.
Hangeldiniň telefony alanam şol welin, gapy yene açyldy. Gapydan giren
sepagat uýasynyň yüzüne seretmän, söýgüli daýysy bilen gürrüñe başlady.
Olaryň gürrüni uzaga çekdi. Gürrüňiniň arasynda: «Daýy, bu ýerdäkileriň
gözleri öwrenişipdir, şepagat uýalaram gapyny kakman giräýerler-de, iki
gözüňe seredip durlar» diýip, gyzyň üstünden güldi. Gyz yüregini daşa
baglap, batyrgaýlyk bilen söze başlady:
- Siz kim bolsaňyz-da hassalara seretmek siziň borjuňyz. Onsoñam,
ol oglany yolda maşyn kakypdyr, biz tanamasak, kime duýduraly? Eşiderler-
dä, gelensonlar siziň nebis haltanyzam boş goýmazlar diýip gapyny batly
yapyp çykyp gitdi.
Gyzyň sözlerine gahary gelen Hangeldi telefony goýdy-da, onuň yzy
bilen çykdy. Yzyndan yetip şepagat uýasyna käýejekdi. Näsagyň ilki
seredilyän otagyny nazarlap barşyna, oňa ýetiberende ondan çykan hälki
şepagat uýasy bilen tasdan çaknyşypdy. Ol oňa bir zat diýjek bolup agzyny açandan gulagy.
-Indi barmaňam, gic- diýen sesi eşitdi. Ol sakga saklandy, dessine-de
yüregine bir howsala düşen ýaly, hasanaklap içeri kürsäp urdy. Sekiniň
üstünde ýatan näsagyň ýanyna gelip sakga saklandy, yüzüni aşak tutup-

uludan bir demini aldy. Ak örtügiň aşagynda howply bir zat bar ýaly
yuwaşlyk bilen onuň çetinden galdyrdy. Mergen! Ol ilki gözlerine ynanmady
ak örtügi goýberdi. Yöne ara dem salman, indi ak örtügin bir gyrasyndan
tutdy-da ony serpip goyberdi. Mergen! Hawa, bu ýatan neresse Hangeldiniñ
yeke ogly Mergendi! Hangeldiniň aýaklarynyň ysgyny gaçdy, gözleriniň
öni garaňkyrap gitdi. Ol zordan ýykylman saklandy, krowada ýaplanyp.
dyzyny yere berdi. Ogly Mergeniň sowap barýan elinden tutup, maňlaýyny
krowata urdy. Bu wakany synlap ýatan ýaly Mergen pahyryň gözleri
entegem açyk durdy. Muňa gözi düşen Hangeldi:
–Waý, balam-ey..- diýip, gygyranynam duýmady. -Onuň aýylganç
ýogyn sesi keselhana ýaň berdi. Ol elleri bilen sypalap oglunyň açyk
gözlerini ýumdurjak boldy. yöne olar ýumulmady. Hangeldi:
Yumaý-da, jan balam! - diýip ýalbardy. Emma gözler ýumulmady.
Töwerek adamdan doldy, seredip duranlaryň käsi Hangeldiniň bolşuna
dözmän aglasa, käbirleri Mergene dözmän aglady. Misli uklap ýatan yaly
owadan ýaş ýigidi gara ýere dözer ýaly däldi.
Birdenkä hemme adamlar gyra çekildiler, bir eli hasaly gapydan giren
Baýly aga gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýärdi, elleri titräp, garry ýürek
ezilýärdi. Arada galan iki ädimi atmäge onuň gurbaty çatmady. Perişde
ýaly atasynyň, ak guş ýaly balasynyň önünde günäli durmak Hangeldä
agyrdy. Hudaýtarapyn geň zadyñ biri hem, atasynyň gelenini duýan ýaly
gojanyň eli çala degenden Mergeniň gözi/ýumuldy. Yaňyja dünýä inen
çowlugynyň hoş habary gese-de, şol ýagşy habary getirmäge giden
agtygynyň gelmeli mahalynda gelmänsoň gòzlegine çykan atasynyň eşiden
bu habary onuň bilini bükdi.
Baýly aga: «Goý, Alla hęr bir halal Bendesini hallykdan aýyrmasyn.
Haramyň günäsini halal çekdirmesin» diýip aglady. Yöne dünýeden gaýdan
halal agtykdan çowlugyň dẫnýä inenine şùkùr etdi.


Baýly aganynky hakyt «Oňüm gelenden soňum gelsin» diýleni boldy.
Häzir ýüzüni ak tam edip durşuna ol öz geçen ömür menzillerini yekme-ýek
göz atuwyndan geçirýäne meňzeyärdi.
Ogly Hangeldi onuň gözüne häzir hut Ezraýyl bolup görünýärdi. Agtygy
Mergeniň heniz reňki solmadyk jansyz keşbine seredip duran ata gapdala
òwrūljek bolanda tas ýykylypdy. Gapdalda duran Hangeldi kakasyna tekge
berjek bolup elini uzadandan...
– Eliňi çek, senden gara ýerem ýakyndyr..
Dişden syzylyp aýdylan bu jümlä Hangeldi tisginip gitdi. «Näme üçin?»
diýen sowaly müýnli nazaryna salyp kakasyna gönükdirende garry
professor has mojuk zat tapdy.
Çykar egniňdäki ak halady. Ol ak halady seň ýaly gara ýürek
haramzadalar däl-de, hakyky lukmanlar geýmelidir. Çalt bol.
Düzüwlik garaşmaly däldigini duýan Hangeldi ak haladyny çykaryp-
gykarmanka ony zarp bilen kakyp alan Baýly aga aýagynyn aşagyna
oklady-da, ýigrenç bilen depeledi.
Töwerekdäkiler aňk bolup galdylar.

Màdem .Òwezow.
17
83
alma___
4 Aprel 2024
2000 ýyllarda çykan ,,Garagym" jurnalyndan alnan ozallar edil hàzirki ýaly dàldirdà
medik_
4 Aprel 2024
👍
ayymsha
4 Aprel 2024
😢😢😢❤❤❤
alma___
4 Aprel 2024
Soñy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.