alma___
03.04.2024 18:02
3 bòlùm

Men seniñ kakañ, olaram meniñ dostlarym. Duşin adamlar eşigiñe
seredip garşy alsalar, akylyňa seredip ugradýarlar. Onsoňam, çagyrylmadvk
ýere barylýan däldir. Şol oturyşmada gerek bolan bolsa, biz daýyňam
çagyrardyk. Oglum, türkmende yeke yere çagyrylman barýarlar, olam ýas
yere. Galan ýere Taňry myhmany bolaýmasaň, çakylyksyz barylmaýar,
Galyberse-de, köpçülikde az gürläp, aýtjak sözüňi seljermeli. Ulyny
sylamagy, saçak başynda özüňi alyp barmagy bilmeli. puluń yşkyna düşen
daýyň bolsa, meniňem, dostlarymyňam keýpini gaçyrdy.
Baýly aga ellerini sandyradyp, äýnegini stoluň üstünde goýdy-da,
Hangeldiniň ýüzüne seredip, sözüni dowam etdi:
-Musulmanlar doňzy haram hasap edyärler, goýun malyny halal. Eger
üns berseň, doňuz jojuklanynda az hasapdan alty-sekiz ýa-da on ikä çenli
jojuklasa, goýun maly köp berse iki guzy, ýagny ekiz guzy beryär. Şeýle-
de bolsa, her bir üýşmeleňde, toýda-ýasda, ýa-da Gurban baýramynda
her hojalykda biri soýulsa-da goýun sürüsi kemelmez, emma doňuz welin
süri bolup ýören ýerini gören dälsiň, görmersiňem diýip, ýerinden galdy
we gahar bilen çykyp gitdi.
Kakasynyň aýdan sözleri Hangeldi üçin eşegiň gulagyna ýasyn okan
ýalydy. Ol onuň aydanlaryndan many çykarjagam bolmady.
Baýly aganyň aladasy artdy. Ol köplenç halatlarda, haýsy niýet bilen
nirä barýanynam ýadyndan gykaryp başlady. Töweregindäki işdeş
ýoldaşlaryna aýtman, esli wagtlap sermenip maňlaýyndaky saçlarynyň
arasynda galdyran äýnegini hem gözleyän wagtlary bolýardy. Oglunyň
aladasy Baýly agany aljyradýardy. Neslini, söýgüli kärini dowam etdirjek
oglunyň baýlygy abraýdan ýokary tutmagyny aklyna sygdyryp bilmeyardl.
Indi näme üçindir Baýly aga oglunyň lukman bolmazlygyny isledi.
GUhlerin bir güni Baýly aga işden gaýdyp gelýärkä, Meret tilkininiñ
maşynynda oturan ogluna gözi düşüp, näme üçindir depesinden gaynan
suw guyýlan ýaly boldy. Öýüne gelip, aýaly Gözel günäkär ýaly onuń bilen
hem gürleşesi gelmedi. Ogly gapydan girenden Baýly aga çydamady.
Ýüreginde dykyn alyp duran kinäni, gahary onuň üstünden eńterip ugranyny
özem duýmady. Elmydama agzybirlikde ýaşap, gaty-gaýrym diýişmedik
hojalykda sowuklyk döredi. Emma Baýly aganyň öňki aýdan sözlerinden
many çykarmadyk ogluna, sözüňi zaýalanyňa degmeýärdi. Gözel eje, eger
ogluny öýerse, düzeler diýen niýet bilen, ony öýermäniň kül-külüne düşdi.
Özüniň bu pikirini bada-bat adamsyna-da ýetirdi:
Ony öýlendirsek nädýär, okuwynam tamamlap barýar ol.
Baýly aga belli bir zat aydyp bilmän, iki eli bilen yeňsesini tutup, gözlerini
ýokaryk dikdi:
Bilmedim-dä, Gözelim.
Oýe gelin gelensoň, hemme zat oñat bolar.
Gör-dä, Gözelim. Sen enesi, özüň gowy bilýänsiň.
Hangeldi şol wagt daýysy bilen ýygjam aragatnaşykdady. Kakasynyñ
ýoldaşlary onuň üçin ýok yalydy.
Hangeldi synaglarlan ýokary bahalar bilen geçdi. Sonky döwür okuwyna
hezil bermän, daýysynyň yzyna kän düşýän bolsa-da, nesil yzarlap gelýän
bilim onuň ýüzüni ýere salmady. Dogrusy, onuň bilimine dil yetirer yaly
däldi.
Okuwyny tamamlanyndan soň, ol öýlenmäge garşy bolmady. Toýy örân
uludan tutdular. Gözel ejäniň işleýän obasyndan bir abraýly yeriñ
maşgalasyny gelin edip aldylar. Gelin Hangeldiniň hem göwnüne yaran

bolmaly. Ol ýaz ýaly açyldy. Yöne, şonda-da Hangeldi daýysy Meretden
arany kesmedi. Mahal-mahal ogrynça onuň bilen jaňlaşýardy. Ondan
maslahat sorardy, käte pulam alardy. Meret bolsa oña:
Ejeň, kakaň bilen deň bolmagyn, näme diýseler sesiñi çykarma,
etjegin içinde bolsun diýerdi.
Hangeldi okuwy tamamlap, işe başlady. Onuň tejribesiniň artýandygy
mese-mälim görünýärdi. Meret hem tanyş-biliş adamlaryndan näsaglan
bolsa, hökman haýyş eden bolup, tanyşsyrap Hangeldiniň işleyän
keselhanasyna ýerleşdirýärdi. «Lukmanyň göwnüni görmeli» diýen bolup,
elten hassasyndan pul hem alýardy. Alan pulunyň ujundan Hangeldä-de
berýärdi. Ol
- Men saňa diýdim-ä, kireýsiz kilim kakmagyn, eliňden haýyr tapan
aklygynam berer -diýip düşündirýärdi.
Hangeldi hem daýysynyň getiren näsagynyň yanyna günde üç girip-
çykýardy. Beýleki näsaglara bolsa garaýşy beýle däldi. Baýly aga
Hangeldini beýleki lukmanlar bilen deň tutýardy. Köplenç halatlarda, sorag
berip, oglunyň düşünjesini barlaýardy. Onuň beren jogabyndan
kanagatlansa-da, ony daşyna çykarmaýardy.
Kaka, näme üçin başgalar bilen deň jogap bersem-de, meniňkiniň
dogrudygyny aýtmaýarsyň diýdi.
- Köpüń içinde seni döwmesem şol-da seni öwdügimdir. Owüber-
mekdenem gorkýan «Öwülen oglan önüni hapalaýar» diýen gürrüň bar.
***

Toýdan soň Maral lukman bolup Hangeldiniň ýanynda işe başlady.
Näme üçindir Hangeldi Maralyň öz ýanynda işlemegini islemeyärdi, hatda.
Laplenc halatlarda, onun beren soraglaryna jogap bermeg-ä beýlede
dursun, ýüzüni almany-da hiç zatça görmezdi. Onuń lukmana gelişmejek
käbir hereketlerini Maral aňsa-da, Baýly aganyń sylagy üçin sesini
çykarmaýardy.
Wagt geçdigiçe Hangeldiniň nebsi otugyardy. Dura-bara ol nebis diýen
belanyň guluna òwrileninem duýman galdy. Meret tilkiniń bu bolşa göhi
geldi, ol yegeninin geçirmeli her bir operasiýasyna nyrh goýup başlady.
Aradan bir ýyl dagy geçip, Hangeldiniň ogly dünýä inende, onuń şanýna
tutulan şagalaňa gelen adamlary gören Baýly aganyň keýpi bolmady.
Emma, her niçik-de bolsa, onuň durmuşyna goşulasy gelmedi. Yyllar geçdi,
Baýly aga aýaly bilen goşa garradylar, agtyk gördüler. Hudaý halasa, indi
olaryň çowluk görjek mahallaram uzakda däl. Golaýda olar agtygy Mergen

uly toý tutup öýlendirdiler.
Yöne Hangeldi özbaşdak boldy. Maşynam aldy, jaýam aldy. Emma
garrap tapdan düşen ene-atasynyň welin, gapysyny sonky gezek haçan
açany-da yadyna düşmeyärdi. Birlän-ikilän garrylaryndan habar al
durmagy maslahat berenlere-de:
Õlar meniň edenimi bilmeýärler. Şu bolçulyga begenip ýaşabermeli
welin, olar meniň berenimem almaýarlar. Derimi döküp esli wagtlap aýak
üstünde işläp alan aklygymam haram hasap edyärler - diýip, gaýtam.
olaryň özlerini günäkärlärdi.
Hangeldiniň ayalynyň hem bar gürrüňi harsydünyälikdi. Aýlanyp-dolanyp
garrylaryňka geläýse-de:
–Ejesi, näme barmaýarsyň-la? Haly aldyk, düşek aldyk– diýip, täze
alan goşlaryny mazamlardy. Terbiýeli ýeriň maşgalasynyň baýlygyň guluna
öwrülmegi, akylyňa sygdyrar yaly däl.
Günleriň bir güni agtygy Mergen gelip atasynyň ýarasyna duz basdy.
Ol zeýrenip:
– Ata, men-ä näme etjegimi bilemok. Yoldaşlarymyň arasynda-da
ýüzüm yok, nirä barsam kakamyň doňýürekliligi, her bir operasiýa üçin
nyrh kesyändigi baradaky gürrůň ýüzümi gyzardýar - diýdi.
Atasy bokurdagynyň dolanyny hem duýman galdy, salym geçenden
soň özüni dürsäp:
-Wah, balam. meniň ýaramy gozgama, ol ýasymyň soňunda meniň
çemçeläp ýygnan abraýymy çanaklap dökjek boldy. Il gargyşy ýaman
zatdyr, Sen bir nebsiň guly bolmaweri, balam - diýdi.
Yogsa-da, ata, men gelnim bilen size göçüp geläýeýin? Goý, ol òz
dùnýasinde ýaşabersin - diýip, kakasyna gaharlandy. Sonda
. Şonda Baýly aga:
- Men bir akyldaryň «Ataň ýaramaz bolsa çalyş» diýen pähimini
okapdym. Şoňa düşünýämiň guzym - diýdi.
-Yok, atam.
- Düşünmeseň, diňle. Dogrudanam, atany hiç zada çalşyp bolmaýar.
emma sen halallykda, arassa, päk hyzmatda halka özüni tanatsaň, onda
saña «Hangeldi nebsiň ogly» diýmezler-de, ony görenler Mergen lukmanyñ
kakasy diýerler, düşündiňmi?
– Düşündim, atam.
Mergen atalaryna göçjekdigini ejesine duýduranda ol ör-gökden geldi:
-Sen biziň ýeke perzendimiz, kakaň bu zatlary senin üçin gazanýar,
han-ha maşyn, ynha, jaý, iýseňem bar içseňem. Ynha, haý diýmän,
okuwyňy tamamlap işe başlarsyň...
Mergeniň:
–Gözýaşdan ýygnanan baýlygyň maña derkary ýok -- diýenini eşiden
kakasy ol jaýdan gaharly gygyrdy:
- Bahar, goy, gitsinler, saklama. Gümündenem aňryk gitsinler, olar
mes bolýarlar. Huşy gaçyp ugran garrylaryň gepine gidýändirler, olaryň
pensiýasy özlerine bir ýetýärmikä? Goý, birazrak horlansynlar. Gitjek ýerleri
nire, özlerem geler.
Adamsynyň aýdanyny makullan aýaly olaryň önünden aýryldy.
Mergen öýüni aýryp, atasynyň ýanyna göçüp geldi. Gelni Maýsa olaryň
hyzmatynda bolup, gamgyn ýüreklerini galkyndyrdy. Garrylaryň täzeden
ýaşaslary geldi. Aýy-güni dolan Maýsany bäbekhana alyp gitmeli boldy.


dowamy bar
18
67
Arslan_Alaýew
3 Aprel 2024
👍👍👌
ayymsha
3 Aprel 2024
👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.