alma___
03.04.2024 05:51
Meret daýym yaly-la!diýip, begenjini daşyna çykardy.
Sähel salymyń içinde Baýly aganyň kellesine her hili pikirler gelip-geçdi:
– Eýgilikmikä beri, gelşi juda aljyraňňy görünýär-le.
Gözel ejäniň hem ýüzi ak tam boldy. Onýança, maşyn gelip bularyň
golayynda saklandy. It ýylgyrşyny edip bir eli çüýşeli, dyzyny zordan ýapýan
balakly Meret tilkini gören Baýly aganyň bar keýpine sogan dograldy.
Doganynyn bolup gelşini gören Gözel ejäniň hem utanjyndan ýůzi nar
ýaly gyzardy. Emma Meret tilkiniň ýüzüniň hamynyň galyňdygyny diýip-
aýdar ýaly däldi. Her näme-de bolsa, Meretgeldi aga ginlige salan boldy:
Gel, inim, eýgilikmi özi?
–Eýgilik-le, agam, gaýdanyňyzy eşidip yzyňyzdan eńayendirin. Ertirki
cykyşym, maña sizi tapmak dert boldy.
– Beýle bolsa, saçak başyna geç, inim– diýip, çetde oturan Döwran
aga gürledi. Şol wagt bir eli ýaňyja bişen çişlikli Aşyrmät gyzjagazy Altynayyñ
elinden tutup geldi-de:
- Hangeldiniň daýysy bolsaň myhman dälsiň, geç. Bizem ine görşüň
ýaly şun bir dostlar bolup dynç alaly diýdik. Senem goşul – diýdi.
Meret tilki:
-Goşulaly. Goşulmak üçin yzyňyzdan sölpip geldim-dä – diýip, saçak
başyna geçdi-de, özünde müýn duýman, diliniň hezilini görmäge başlady.
Saçak başynda aýbogdaşyny gurap Özara gürrüñe gyzan Muhammet aga
bilen Gurban aga seslerini cykarman, bolup geçen waka syn salyp oturdy.
Meret tilki bularyň göni garsysynda oturansoň onuň çyna berimsiz,
Warsakyly gürrüňlerini bialaç diňlemeli boldular. Ayallar-a derrew
beýleräkdäki bir agajyň saýasyna geçdiler. Diñe Hangeldi daýysynyň
gurrunini begenip diňleýärdi. Baýly aga onuň oturanyny halamasa-da, ayaly
Gözeliň göwnüne degerin öydüp sesini çykarmaýardy.
Curban aga
onuň aclykdan çykan yaly haydap çörek iyşine haýran galyp
elindäki käsesinin çaýynyn dökülenini-de duýman galdy. Onuñ açlykdan çykan ýaly,
oturşyna, edýàn warsaky
gürrüñleri ya beryän soraglary soñabaka oturanlary irizip başlady. Aşyrmat aga
Bayly aganyñ yüzünden Meredi halamadygyny añdy-da:
Meret halypa, aýal-ebdatlaryň, bala-çagalaryń bar ýerinde, gelin
gowy gürrün edelin-le diydi.
Gürrüñiñ manysy Meret tilkä ýaramady.
- Baýly aga, bu, näme, dostlaryňyzyň maña gaýt diýdiklerimi? Gin
meydanyn saçagy darlyk edyän-ä däldir-dä?
- Size gayt diýyän-ä ýok. Yöne juda gaýdasyń gelse «Dostuňy
saklama, nepden galmasyn» diýipdirler - diýip, Aşyrmät arkaýyn gürledí
-Gaytmaly bolsa, gaýdayarys, garnymyz-a doýdy.
Aşyrmädin bolşuna Döwran agadyr Meretgeldi aga düşünmän galdy.
Gurban aga bolsa ara düşen näsazlygy düzetjek bolýan ýaly:
- Gep garyn doýurmakda däl, güler ýüzde. Geldin, taň etdiň, indi
oturmaly-da göwün açyşyp - diýip, ona göwünlik bermäge çalyşdy.
Hangeldi bolsa Baýly aganyň pikirini biljek bolup gaňrylyp onuň ýüzüne
seretdi.
Bayly aga muny añan ýaly, hiç kimiň ýüzüne seretmän:
-Aşyrmät dogry aýdýar - diýdi.
Oturanlaryň gürrüňiniň daýysynyň töwereginde aýlanmagy Hangelda
ýaramady. Olar onuň daýysyna düşünmän, gaharyny getirmegi mümkin
ahyry. Hangeldi: «Daýymyň gürrüňini goýuň, onuň bilen işiñiz bolmasyn.
Siziń biriñizem oña düşüneňzok» diýesi geldi. Ýöne diýmedi, Kakasyndan.
onuń dostlaryndan çekindi. Dogrusy, Meret ýegeniniň goldawyna mätajem
daldi. ol gaty dogumlyja gürleýärdi, hondanbärsireyärdi. Ine-de, ol yene
dyzyna galdy:
Ol bu ýere
,gelmelimi, gitmelimi ony meniň özüm çözyän, onsoňam,
–Umumana-a,
araňyzda gepe-söze düşünýänem bar-a. Ine, şu ýaşuly dogry aýdýar
diýip, ol Gurban agany barmagy bilen çommaldyp görkezdi. -Gelenimize
görä, wakyrdaşyp-şakyrdaşyp göwün açalyň-la. Dogry dälmi, ýaşuly»?
Gurban aga başda ony goldajagynam, goldamajagynam bilmedi, soňra
dine onuň göwni üçin çalaja başyny atan boldy.
Baýly aganyň sabyr käsesi doldy. Şonuň üçinem ol gaýyninisiniň sözüni
bölüp:
Meret, sen, gowusy, gaýt. Bu seniň deňiň däl – diýdi.
Meret tilki gahar bilen ýerinden turdy-da, Hangeldä ýüzlendi:
–Yegen, yör, gaýdaly, goý bularyň örüsi giñesin. Biz bulara artykmaçlyk
edýäs.
Bayly aga:
Sen Hangeldi bilen bile gelmediň, ony alyp gider ýaly. Özüň gidiber
-diýip goýazy sesde aýtdy.
Ol maşynyna münip, bar güýji bilen gaza basdy. Daş-töweregi tozan
gaplap aldy.
Gün öýleden agansoň, gaýtmakçy boldular. Baýly aganyň keýpine
sogan dogralypdy. Ol bolup geçen zatlara özi günäkär ýaly duýyardy.
Hangeldem daýysy öykeläp gaýdaly bäri torsaryp, yüzüni sallap yördi.
Ol öýe gelenlerinden soň öz otagyna geçdi-de, daýysyna jaň etdi. Meret
tilki bolsa:
- Zyýany ýok, ýegen. Olar yaly adamlaryň gepini göwnüňe alsan
bolmaz. Gazananlary iýjek çöreklerinden artmasa-da, adama göwünleri ýetenok diýdi.
Daýysynyñ gaty görmedigini añan Hangeldi köşeşdi.
Gozel ejäniñem yüzüniň renki öçüpdi. Ol doganynyñ bolşuna içi yanyp çydap
bilmän. Öz-özi hünürdedi:
Beyle-de bir binamyslyk bor oguşýa? Abraý gazansań, çanaklap
dòkmani hiç zatça görjek däl-ow.
Doganynyn hereketlerine namys edip, oda-köze düşüp yoren aýalynyń bu
sòzlerini eşiden Bayly aga:
Gözelim, giňräk bol. Süri agsaksyz bolmayar, onsońam menin
ýoldaşlarymam, olaryň maşgalalaram seni tanaýarlar ahyryn.
-Meni tanasalaram, onuň beýle binamys dogany bar eken diýendirer.
- Bäş barmagyň deň bolmaýşy yaly, doganlaram deň bolmayar. Bir
eneden agam dogýandyr, gara-da. Sen özüñi horlama, Gözelim!diyip
Bayly aga aýalyny köşeşdirjek boldy. Tersine, Gözel eje adamsynyń
duygudaşlyk bildirip aýdan sözlerine biygtyýar hamsykdy:
Soňky döwür Hangeldimizem Merediň yanynda köp görünýār. Sen
ogluň bilen gürleş, goý, ondan daşrak dursun.
- Şeýlemi? Sen bilyän bolsaň, şu wagta çenli näme üçin maña
aytmadyň?!– diýip, Baýly aga gaharynyň gelenini duýman galdy.
-Ol seniňem çagaň ahyryn, sen atasy. Erkek oglan ýetişeninden son.
atany diñleýär. Sen bolsaň onuň bilen bir gezek gürleşip göreňok.
Baýly aga aýalynyń aýdýanlarynyň dogrudygyna, özüniñem günäsiniň
bardygyna, oglany başyna goyberenine düşündi. Şol yalňyşyny häziriñ
òzünde düzetjek bolýan yaly dessine oglunyň yanyna ugrady. Ol oglunyň
gapysyny kakanda, Hangeldiniñn:
Näme gerek? diýen gaharly sesini eşitdi.
Bu men diýip, Baýly aga içeri girensoň seslendi..

Dogrusy, köpden bäri Baýly aga oglunyň otagyna-da girip görmändi.
Şonuň üçinem içerik giren badyna diwaryň ýüzüne ýelmenen suratlary
görüp gahary gelse-de, özüne basalyk berip gürledi:
Okuwlaryň nähili? Bahym synaglaram-a başlar – diýip, agraslyk
bilen gürrüňi uzakdan başlady.
Hangeldi kakasynyň soraglaryna hiç hili jogap bermän, stoluň üstündäki
suratly žurnallary aýryp başlady. Baýly aga onuň häzirki bolşuna
düşünmedi. Ol «eşitmedik bolaýmasyn» diýip oýlandy. Emma ogly başagaý
bolan bolýardy. Şonda Baýly aga ýaliyşandygyna, çagany ýaşdan
terbiýelemelidigini unudandygyna gynanyp, özüni nähili alyp barjagyny
bilmän aljyrady. Şol wagt Hangeldiniň:
Seniň dostlaryň näme üçin meniň daýym bilen beýle gürleşdiler? Ya
olar onuň baýlygyny görüp bilmeyärlermi? diýenini eşiden Baýly aga
ysgynsyz yagdayda kürsä özüni goyberdi.
Yatsa-tursa oglundan beýle gürrüňe garaşmadyk Baýly aganyň
gürlände sesi sandyrap çykdy:
- Sen-å oňaraýdyň, oglum. Indi seniň daýyň baý, dostlarym bilen
menem garyp boldummy?
- Meniň daýymyň düşünjesi şolaryň hiç haýsynyňkydan kem däl.

dowamy bar.
17
70
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.