alma___
02.04.2024 18:38
Baýly aganyň özüne mynasyp, diýseň
mylakatly aýaly bar. Ol oba keselhanasynda çagalar lukmany bolup işleýär.
Gòzel Nuryýewanyn hem işleýän yerinde abraýy uly. Ol hem her bir çagany
alada bilen gurşap, olaryň sagdyn ösmegi üçin elinden gelenini
gaýgyrmayar. Bularyn maşgalasy diýseň agzybir maşgala. Bir ogul bir
gyziagazlary bar. Olaryň ogly Hangeldi ýokary okuw jaýynyň ahyrky ýylynda
bolsa, gyzlary Gurbangül entek orta mekdepde okaýar. Baylg aga
cagalarynyn aladasyny köp edýär. Olaryň halal, arassa, abraýly
bolmaklaryny ündeýär. Emma hemme arzuwyň hasyl bolaýýarmy näme?
Sonky wagtlar onuň oglunyň özüni alyp barşy üýtgeýärdi. Onuň käbir edyän
hereketi Baýly aganyň ýüregine jaý däldi. Bu zatlaryň esasy sebäbi hem
oglunyň Meret daýysydy. Ol kireý edeninde Hangeldini yanyna mündůrip,
yaşaýşyň «tilsimjiklerini» öwredýärdi. Bir-de ol:
Hangeldi, sen görke getiriji operasiýa etmäni öwren. Ol ýerde pul
Kan, baý adamlar owadanlygy üçin pullaryny gaýgyrmaýarlar - diýip
Owretse, bir-de puluň bolmasa, sen kim? Han-ha, kakaňa seret, professor
adyndan başga nämesi bar?! Pyýada işe gidýä, sen bolsa, nesip bolsa,
menin ýaly masynlam bolarsyň, jaýlam. «lt - ata, är – daýa» diýipdirler.
Sen är ahyryn! - diýip, ýegeniniň goltugyna «garpyz gysdyrațdy».Hangeldiniñ
gòwnine bolmasa, daýysynyň aydanlary gyzyla gaplaymalydy.Okuwyndan sypynsa daýysynyñ
ýanyna ylgaýardy. Daýysy kiçiräk söwda merkezinde işlàp arasynda hem maşyny bilen krey edýàrdi.
H²akykatyny aýdanyñda ol pulyñ ýesiridi.
Allanyñ berenine kanagat etmản, pulun yzyndan aýakýalañac
ylgamaga-da taýýardy. O nortap, inçeden orta boýly, öwünmäni halavan
adamdy. Köplenç halatlarda, dostlarynyň ýanyna Hangeldini alyp barvp
Owünmäni hem hiç zatça bilmezdi.
Görüň menin bilen kim gelýär, ýegenim, geljekki professor Hangeldi
Bavly ogly gelýär. Bilyänizmi, bu kimiň ogly? Bu belli professorymyz Bayly
aganyň ogly.
Daýysynyň sen-senine Hangeldi hem göterilýärdi, käteler ýöreýsini
üýtgedip, gaýşaranyny-da duýman galyardy. Ýakyn dosty Gulmýrat onuń
sonky döwürler bolşuny halaman başlapdy. Ol bir gezek:
- Hangeldi, saña bir zada-a bolýar?! Näme üçin gelmäñi kesdiñ? -
diýdi. Şonda Hangeldi oňa birbada näme jogap berjegini bilmän:
Okuw gitdigiçe agralýar, wagtymam ýok - diýip, yalan sözlāpdi.
Soňra daýysyna çagalykda bileje oýnap-ulalan dosty bilen bolan gürrüñi
aýdyp beripdi.

Meret tilkinin jogaby nagt boldy:
- Hey, yegen, olardan sana dost bolmaz!
! Eli ýuka adamlary daşyña
üýşürsen, artdyran zadyň bolmaz.
Men onun bilen çagalykdan dost ahyryn.
-Sen bilyärmiň, daýyň-da şolar ýaly gör, näçe dost bardy!? Soñabaka
olar maña akyl öwredip başladylar, men hem olary ýekän-ýekan
töweregimden daşlaşdyrdym. Hudaýa şükür, täze dostlarymyň arasynda
meniň abraýymy özüň bilýän! Meniň adym Meret baý.
Wagt gitdigiçe daýy-ýegeniň arasyndaky gatnaşyk barha
ýygjamlaşyardy. Hangeldi ilkibaşda daýysynyň adamlary aldaýşyny
düşünmän: «Daýy, sen ony aldap puluny alýarsyň welin
gorkmayarsyňmy?» diýip sorady. «Meret baýyň» muňa-da jogaby nagtdy
zadyň bolsun ?»
- Seniň işiň söwda, biziň işimiz – Iukmançylyk. Biziň işimizde puly
nireden aljak?
-Seniň ol zatlar bilen işiň bolmasyn. Sen bahymrak okuwyňy tamamla
işe başla. Ökdelärsiň, onsoňam seniň kakaň abraýy saňa-da geçer. Ynha-
şonda pul berýänleri özümjik eltäýerin.
Näme üçindir, Hangeldiniň gulagyna daýysynyň sözleri ýag bolyp
damýardy. Ol öz ýanyndan eýýäm özbaşyna jaýlam, maşynlam bolupdy.
-Yegen, onsoňam meniň gürrüňlerimi kakaň ýanynda bir gürläýmegin
Ol ikimizem çöregimizden keser.
-Yok-la, daýy, men olara seniň ýanyňa gelýänimem, senden alýan
pullarymam aydamok ahyry.
-Men häzir talyp, nesip bolsa, menin hem elim geler.
- Hökman geler, ýegen, hökman.
Öýüň bar işi Hangeldiniň jigisi Gurbanguüń başyndady. Ol okuwdan
gelip içerinem süpürerdi, biş-düş, ýuw-art hem onuń boýnuna galardy. Bir
gün ol Hangeldiniň jübüsinden ep-esli pul tapdy:
- Hangeldi, sen bu pullary nireden aldyň? Kakam bilse, seni näder?
Gurbangül jan, ol pullary maňa Meret daýym berdi. Sen kakama.
da, ejeme-de aýtmagyn.
Ol saña munça puly näme üçin berdi?
–Ol meniň daýym ahyryn, bereninde näme? Özüňe näçe gerek bolsa.
al ujundan.
– Maňa puluň gerek däl, ýöne, indi alma, ýene bir gezek görýäsem
ejeme aýdaryn.
- Bolýar, jigim, indi almaryn.
Emma talyp bolup eli uzadan ýerine ýetip, islän zadyny alnyp ýören
Hangeldiniň ol pullardan el çekesi gelmedi. Soňabaka ol pullaryny bukup
başlady.
Baýly agadyr Gözel ejäniň alýan iş haklary bularyň hojalygyna bolelin iýip
, geýmäge ýetýärdi. Ondan daşary hem Baýly aga işdeş ýoldaşlary
dost-ýarlary bilen wagt tapyp, maşgalalary bilen meýdana dynç almaga
çykýardylar. Baýly aganyň maşgalasynda maşyndan başga hojalyga gerek
emme zatlar yerbe-ýerdi. Eger-de, onuň maşyn almak niýeti bolan bolsa,
oda maşyn almagada ýagdaýy ýok dàldi.
Baýly aga köplenç halatlarda işine-de pyýada giderdi.Hojalygyñ
agzybirligi hem asudalygy iň uly baýlyk. Köplenç halatlarda, Baýly aga
aýalvnyň adyny «Gözelim!» diýip tutardy. Maral eje adamsynyň özüne șeýle
ýizlenenini her gezek eşideninde has hem owadanlanyp, mähirlenýärdi.
Bu qün hem adatdakysy ýaly Baýly aga aýalyna:
Gözelim, eger, nesip bolsa, ertir dynç güni dostlarymyz bilen
cagalaram alyp, meýdana çykaly. Biraz kellelerimize dynç bereli diýdi.
Ayaly onuň aýdan sözlerine monça boldy.
Sol günüň ertesi, hepdäniň dynç güní Baýly aga dostlaryny alyp,
meydana çykdy. Aýallar oturyp dynç alsalar, erkek adamlar lüle-kebap,
cişlíkdir çekdirme bişirip, keýpini göryärdiler. Çagalar bolsa, gülälekierih
arasynda edil owlak ýaly bökjekleşýärdiler.
Näme üçindir, Hangeldi şol gün olar bilen gitmejek boldy. Ol her hili
bahana tapsa-da, ony dinlemän alyp gaýtdylar. Yöne onuň bu bolşy, Baýly
agany iňkise goydy. Elmydama ilden öňürti tayýýar bolýan ogly bu gezek
gaytmajak bolup, müň bahana tapan bolýar. Naharlar taýýar boldy. Saçagyň
başyna ýygnanyşan dostlaryň keýpleri kökdi. Aýdylýan şorta sözleriň
gulküsi uzaklardan eşidilyärdi. Ynha, birdenem gözýetimden tozanlap
gelyän masynyň sesi bularyň gülküsini kesdi. Hangeldi zöwwe yerinden
galdy. Şol wagt Meretgeldi aga:
Masyn bäri gelýär öýdyän– diýdi.
17
100
alma___
2 Aprel 2024
Dowamt bar
medik_
2 Aprel 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.