flowers_
02.04.2024 08:23

KAKA.


Howatyryñ, hederiñ.
Herhal menem abraý üçin,
Elde barym ederin.
Çünki diñe süññüme däl,
Ömre ornan edebiñ...
Esasy zat sen özüñe,
Beren halal duzuña,
Hemem alkyşdan serpaýlap,
Ýola salan gyzyña,
Ynamly bol, Pederim!

Gülşirin Hanowa.

28
73
flowers_
3 Aprel 2024
@Gizem_, hawa
flowers_
3 Aprel 2024
@Gizem_, yok, häzirä işlanok
flowers_
2 Aprel 2024
KAKAŇ BAŞYŇ SYPAMASA

Ýeňsänden ýel kakyp geçer,
Kakaň başyň sypamasa .
Ýöräp barýan ýollaň öçer,
Kakaň başyň sypamasa.

Durmuş saýlar öz merdini,
Başa täç etmez her kimi.
Iller götermez derdiňi,
Kakaň başyň sypamasa.

Günem gizlär ýagtysyny,
Hiç kim bermez artygyny,
Ykbal çalar şarpygyny,
Kakaň başyň sypamasa.


flowers_
2 Aprel 2024


Ýitirip baýlyk sarpasyn,
Ah, seni kimler ýalkasyn?!
Özüň-özüňe arkasyň,
Kakaň başyň sypamasa.

Çözüşmez hiç kim ýumagyň
Ýamanlar bolmaz ýamagyň,
Dolup durar aç damagyň,
Kakaň başyň sypamasa.

flowers_
2 Aprel 2024


Ine menem kaka
Durmuş tüm ýaly
Kakanyň gadyry bolmaýan eken
Indi menem kaka bolsam sen ýaly
Kaka !
Kaka bolmak aňsat däl eken.

Gerçeknazar AMANNAZAROW
flowers_
2 Aprel 2024
Kakama !

"Kaka uly bolmak aňsat däl eken "
(Kerim Hallyýew)

Kaka !
Kaka bolmak aňsat däl eken
Dünýe jennet eken kakaň bolanda
"Kaka" diýlen uly sözüň manysyn
Has duýýan ekeniň kakaň ölende

Kaka !
Kaka bolmak aňsat däl eken
Gör juda kyn eken kakalaň borjy
Haýyşym kakanyň göwnüne degmäň
Gitdi...
Ony yza gaýtaryp bormy?

💫Umudum
2 Aprel 2024
💜
Arslan_Alaýew
2 Aprel 2024
flowers_
2 Aprel 2024
"Kaka uly bolmak aňsat däl eken " (Kerim Hallyýew)😔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.