Günämi ýa-da sogap?
Günleriň bir güni iki sany derwüş kiçiräk derýanyň kenaryna suw içmäge barypdyrlar. Kenaryň aňyrky kenarynda bolsa bir ýaş gyz suwdan geçip bilmän, aglap duranmyşyn. Gyza gözi düşen derwüşleriň biri derrew barýar-da, gyzyň elinden tutup, derýanyň ýalpak ýerinden bärki kenara geçirýär. Bu hereketi halamadyk ikinji derwüş ep-esli ýol geçensoňlar, dil ýarýar. Ol:
- Seniň ýaňky hereketiň ýalňyşdy. Biz derwüş, bize onuň elinden tutmag-a beýlede dursun, şol tarapa seretmegem bolanok. Ol seni azdyryp bilerdi - diýýär. Onda gyzy suwdan geçiren derwüş:
- Men ol gyzy, eýýäm ençeme menzil yzda goýup gaýtdym. Sen bolsa ony häzirem aňyňda göterip gelýärsiň. Biziň haýsymyz günäli bolýarkak? - diýip, onuň ýüzüne soragly bakypdyr.
Terjime eden Mahym Begliýewa