flowers_
29.03.2024 21:49


Selärlik üçin hökman turmalymy?

Remezan aýyny sagdyn geçirmek üçin şertleriň biri-de sagdyn iýmitlenmekdir. Şol sebäpli hökman selärlik edinmek üçin säher bilen iýmitlenmeli. Günüň dowamynda özüňi gowy duýmak üçin selärlikde belokly ýumurtga, peýnir, süýt we gatyk iýilmeli. Selärlikde we iftarda köp suw içmek zerurdyr. Mundan başga-da, duzly iýmitlerden gaça durup, immuniteti güýçlendirmek üçin möwsümleýin miweleri iýmeli.

Ilki bilen iftarda suw içmeli. Suw gaty sowuk ýa-da gaty gyzgyn bolmaly däldir. Şeýle-de, iftara çorba bilen başlamaly. Onuň ýany bilen işdäaçar iýip, gatyk ýa-da süýt içip bilersiňiz. Süýjülik üçin desertleri saýlap bilersiňiz. Şerbetli agyr desertler adamlarda şekeriň aşa köpelmegine sebäp bolup biler.

Iftarda tüwi, makaron we konditer önümleriniň ýerine gara çörek iýmek has ýerliklidir. Et, towuk we balyk iftarda iýilmeli beýleki iýmitlerdir.

Selärlik sagdyn agyz beklemek üçin diýseň möhümdir!

Altyn NARKULYÝEWA.

27
75
flowers_
29 Mart 2024
@AMBAL, şeýledir onda))👍
ATOMIC
29 Mart 2024
@flowers_, ýazan gyzam köp türk seriallary görýändir, türkmen dili düşündiriş sözlüginiň 2 tomundada iftar sözi ýok eken:)
flowers_
29 Mart 2024
@AMBAL, bu makalada ulanypdyrlar onda-da
ATOMIC
29 Mart 2024
@flowers_, iftar türkçe👍❤️
flowers_
29 Mart 2024
Bizde "iftar" sözüniñ ulanylýanyny birinji gezek gördüm🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.