flow
29.03.2024 18:45
Öýke dälmi ýürekleri gatadan,
Perzentleri öýkelär ene - atadan.

Sylagy, sarpany har etdi öýke,
Dogany dogana zar etdi öýke.

Öýke daşlaşdyrdy ýary ýaryndan,
Öýke üstün çykdy ýürek zaryndan.

Dost dostdan öýkelär, goňşydan goňşy,
Geň olaryň birek-bireksiz oňşy.


Üç günden köp bolsa öýkeleriňiz,
" Musulman däl " diýen Pygamberimiz.
12
38
flow
30 Mart 2024
@flowers_, menem şeýle😊
flowers_
29 Mart 2024
😬😕menem öýkelek, ýöne uzak gezip bilemok🤗
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.