ogulbossan
29.03.2024 07:49
Garaşdym.

Dikip nazarymy ÿapyk penjirä..
Bu gün ÿene geleriñe garaşdym.
Şygyr ÿazyp saña, astynda çyrañ,
Bir gün okap, bileriñe garaşdym.

Ÿada salyp maña beren wadañy,
Gezmeledim şol öñkije ÿodany,
Görüp sensizlikde juda ÿadanym..
Gelip, göwnüm alaryña garaşdym.

Neneñsi ÿagdaÿda, neneñsi halda ,
Parhy ÿok duşaÿsak bir güni ÿolda,
Çykaryp b:ar bolan zady hyÿaldan,
Ÿene meñki bolaryña garaşdym.

Baglasañam bagtyñ sen özge gyza,
Ÿazgytdyr..
(O ÿazgyt çökerer dyza),
Şonda-da bir güni dolanyp yza,
Meni ÿada salaryña garaşdym.

Ogulbossan Atdanowa
21
47
ogulbossan
18 Aprel 2024
@okyyjy, Salam, oz durmusymyn gosgylaryma kan dahyly yok(yone ozim koplenc durmusy temalardan yazmagy halayan)
ogulbossan
29 Mart 2024
@flow, ❤️
ogulbossan
29 Mart 2024
@sabyrly, Minnetdar sylagyñyz üçin😊❤️
sabyrly
29 Mart 2024
Galamñyza bereket üstünlik👍
flow
29 Mart 2024
👍👍😞
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.