💫Umudum
29.03.2024 07:03
Agyrma ýüregim...

Agyrma yüregim,agyrma beyle,
Yör bile çykaly seyrana-seyle.
Belki gussalaryñ egsiler gider,
Bilyäñmi hol günem bolupdy şeyle.

Bay şonda kösäpdiñ agyryp öte,
Ṣonda-da ikimiz çykypdyk çete.
Derman,därä pisint dagam etmediñ,
Kim bilyä nämeler düwdüñ sen nete.

Gereginden artyk urjak bolduñmy,
Ya,urup yadadyñ,durjak bolduñmy.
Bilmekligim üçin durmuş gymmatyn,
Ya,gorkuzyp hile gurjak bolduñmy.

Siñesim gelenok yeriñ teyine,
Irden görenlerim yogaldy öyle.
Entek edilmedik işlerim yatyr,
Agyrma yüregim,agyrma beyle.
25
73
2580
2 Aprel 2024
@elya, ... yogsam doglan gun birininki gutlag gosgusam basga birine yazylan yaly bolup dur. Gosgudaky her setirin birinji bas harplaryny okasanyz hasam gowy dusunersiniz...
2580
2 Aprel 2024
@elya, salam size bir maslahatym bar yone yalnys dusunman. Gutlag bolanson oz goyan postunyzda aytmak islemedim. Gutlag gosgynyzyn ikinji topbagynyn bas harplaryny uytgeden bolsanyz hasam gowy bolardy...
flow
29 Mart 2024
👍👍👍👍👍👍❤️♥️❤️♥️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.