Bio_girl👩‍🔬💫
28.03.2024 13:35
/" Eýlär"\

Akyl olsaň ýagşylara hemdem bol,
Akmak özün nadan bile ýar eýlär.
Hak aşyklar näzli ýaryň jemalyn
Bir görsem diýip, gije-gündiz zar eýlär.

Syrdaş bolsa, syrym aýdardym merde, Kerwen ýata bilmez gorkuly ýerde,
Uly namyslarda, ýaramaz derde,
Namart öýde sähel işi ar eýlär.

Namart gussasyndan galyp men derde Köňlüm aram tapmaz bir pinhan ýerde,
Maly köp diýip, myhman bolma namarda, Jomart her çent pakyr bolsa, bar eýlär.

Magtymguly, imdi özüňni gözle,
Ýagşyny taryplap, ýamany düzle;
Az iýip, az uklap, ýene az sözle:
Köp söz ahyr il içinde har eýlär.


✍️Magtymguly Pyragy
25
23
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.