zumer_chas
28.03.2024 07:43
MERHUMYÑ ELI
2-nji bölüm

Meň okan habarym şeýleräkdi:
"Meşhur, ýaş normand urugyndan bolan ýigit
Per B. düýn agşam gorkunçly betbagt hadysa
uçrady. Ol gije sagat onlar töweregi öýüne
gelipdir we hyzmatkäri Bowene jogap berip,
ýadawdygyny, uklamakçydygyny aýdýar.
Gijäniň ýary onuň gapysy kakylyp başlaýar.
Ukydan oýanyp, şemi ýakyp biraz garaşýar.
Gapynyň kakylmasy biraz galýar. Yöne
birazdan öňkisindenem gaty kakylmaga
başlaýar. "Kim sen?"diýlen soraga-da gapy
kakýan hiç hili jogap bermeýär. Gorka düşen
Per.B arka gapydan, hyzmatkärini polisiýa
ugradýar. Yarym sagadyň içinde ýetip gelen
polisiýa gapyny döwüp içerik girýär.
Polisiýa otaga girende, mebeller döwülip
agdarylan, geýim-gejimler çaşyp ýatan eken.
Muny gören polisiýanyň işgärleri jenaýatçy
bilen jebir çekeniň arasynda uruş bolupdyr
diýen netijä gelýär. Otagyň ortasynda bolsa
beýhuş ýagdaýda ýaş ýigit Per B. ýatan eken.
Bu ýere gelip Per.B-ni gözegçilikden geçiren
lukman Burdonyň pikirine görä, jenaýatçy
gaty güýçli, barmaklary uzyn we çeýe bolan,
sebäbi Per B.-niň bokurdagyndaky barmak
yzlary muny tassyklaýar.
kimligi entek anyklananok".
Jenaýatçynyň
Şu habary okan gazetimde, ertesi güni şeýle habar çykdy:
"Düýn habar berilişi ýaly, agyr jenaýatdan jebir çeken jenap Per B. iki sagatdan soň keselhanada özüne geldi. Jenaýatçydan
entägem yz tapylanok."
Dostlarymyz bilen bile keselhana onuň
ýagdaýyny soramaga bardyk. Yöne biçäre
dostumyz Per akylyndan azaşypdyr.
nähilidir bir düşnüksiz sözleri aýdýardy. Onuň aýdanlaryndan düşünen zadymyz, ony arwah yzarlap, azar berýämiş...
Bir günem Periň ýagdaýy agyrlaşandygy barada habar geldi. Tiz ýetip bardym. Men baran wagtym ol ýatyrdy. Iki sagatlardan soň, birden krowadyndan böküp turdyda: "Yok ediň ony! Yok ediň! Ol meni bogup başlady! Kömek ediň!..."diýip gygyryp başlady. Per gygyryp janhowulyna otagyň içinde ylgap başlady, birdenem orta arada ýüzligine ýykyldy...Soňam galmady...
Biçäre ýetimdi. Jesedini maşgala agzalarynyň jaýlanan P. obasyna eltmegi maňa ynandylar. Öňüräk Lui R.-niň öyünde synpdaşlar bilen şerap içip otyrkak, Per şu obadan gelip, derisi soýulan eli bize görkezipdi.
Periň jesedini tabyda salyp, obasyna äkitdim. Ertesi güni, men Periň ilkinji mugallymy, garry ruhany bilen mazarystana bardym. Gör gazýanlar Per üçin gabyr gazyp ýördüler. Ruhany kitabyny açyp, pyşyrdap doga okap başlady.
Birdenem gör gazýanlaryň bizi çagyrýan sesi eşidildi. Ruhany bilen men näme bolanyny bilmek üçin olaryň ýanyna bardyk.
Gör gazýanlar gazyp durkalar gazyp duran ýerlerinden bir tabyt çykypdyr. Piliň urgusyna tabydyň gapagy açylypdyr. Tabydyň içinde skelet bardy, skelediň gözi ýogam bolsa, ol bize seredip ýatan ýalydy. Yüregim birhili
boldy, näme üçindir gorkdym.
-Eý, serediň, munuň elleri kesilipdir-diýip,gör
gazýanlaryň biri haýran galyp dillendi.
-Ol maňa seredip ýatan ýaly birhili. Häzir
"Elimi tapyp ber!" diýip, ol meni bogup başlar- diýip beýleki gör gazýan güldi.
-Gadyrdanlar!-diýip, ruhany söze başlady- merhumy bimaza etmäň, tabydyny ýapyň! Dostumyz Per üçin başga ýerden, gör gazarys.
Ertesi güni ähli matam çäreleri gutardy. Men bilmezlikde bimaza eden-şol elleri kesilen merhumyň ruhy üçin doga okamagyny haýyş edip, ruhana elli frank berdim we Pariže gaýtdym.


Avtor: Gi de Mopassan

Terjime eden: Şirhan ALLABERDIÝEW.
18
73
Akram_Beshimov
28 Mart 2024
@hanmyradow, Google girip, Sirhan (jeset ogrysy diysen cykyar) islenende
hanmyradow
28 Mart 2024
Salam bir wagt jeset ogrysy dp eser okapdym sol yokmyka ? Kimde bar bolsa goyaysynda
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.