zumer_chas
27.03.2024 17:43
MERHUMYÑ ELI

Mundan sekiz aý öň, bir gün agşam dostumyz Lui R.-iň öýünde, köne synpdaşlar bolup ýygnanyşdyk.
Şerap içdik, çilim çekdik, edebiyat we suratkeşlik barada gürriňleşdik, şular ýaly oturylşykda ýaşlaryň arasynda aýdylýan gürriňlerden, degişmelerden aýdyşdyk. Bir wagt duýdansyz gapy açylyp, çagalykdaky bir dostum öýe girip:
-Hany, kim bilýär, men nireden gelýän?!-diýip gygyrdy.
-Jedelem ederin, Mabildan!-diýdi kimdir biri.
-Yok, daşyňdana keýpiň gowa meňzeýär. Birinden karzyna pul alansyň ýada sagadyňy girewine goýup, köpüräk pul alansyň-diýdi başga biri.
-Meň pikrimçe, sen azajyk içgili-diýdi üçinji biri-Bärdäki şerabyň ysyny alyp, bokurdagyňy ölläsiň gelendir.
Yok. Hijiňizem bilmediniz. Men P.-dan gelýän. Normandiýadaky P.-dan. Bir hepdeläp şol ýerde boldum, ýanym bilen bile bir dostumam alyp gaýtdym. Jenaplar, rugsadyňyz bilen ony size tanyşdyraýyn!
Şeý diýip,ol jübisinden derisi soýulan adamyň elini çykardy. El gaty gorkunçdy, gap-gara bolup galan barmaklary uzyn, soýulmadyk derileri her yerinde bölek-bölek bolup durdy. Barmagynyň ujundan sarymtyl, uzyn dyrnaklary çykyp durdy. Bu zatlardan jenaýatyň ysy gelýärdi.
-Göz öňüne getirip görüň-diýip, dostum gürriň bermäge başlady-Yaňy ýakynda
welaýatymyzda, aňkasy çaşan bir garry jadygöýüň gürriňleri edilýärdi. Jadygöý her hepdäniň şenbe güni sübsesine atlanyp, arwahlaryň oturylşygyna gidip, jadygöýlük bilen meşgullanýan eken. Sygyrlara dem salsa, janawerleriň süýdi göm-gök bolup, guyruklary dim-dik bolýan eken. Bu şol garry albastynyň eli. Bu el, özüniň kanuny aýalyny guya taşlan. Özleriniň nikasyny okan ruhanynyň kellesini kesen. Mundan başgada ýüzläp syýahatçyny talan, ruhanylary tüsse bogup öldüren, aýallary zorlan. Ynha şu el.
-Onsoň, bu eýmenji zady näme etjek?-diýip, haýran galyp soradyk.
-Goňşy-golamlary bir gorkuzaýyn. Men muny gapynyň jaňjagyzynyň ýüpüne daňyp goýjak.
-Dostum-diýdi, depseň yranmaz diýilýän iňlis Genri Smit-Meň pikirimçe, bu el täze usulda gaplanan (konserwalanan) et bolmaly, şeýlemi? Men mundan çorba bişirmegi teklip edýän.
-Degişmäni goýalyň jenaplar!-diýip, öý eýesi närazy äheňde dillendi-Per,sen bolsa,meň maslahatyma gulak asyp, merhumyň bu agzasyny jaýlanan ýerine göm. Bolmasa, merhum elini gözläp saňa ýapyşar. Üstesine eliň eýesi jadygöý bolsa... Kim bilýär... ýene...
-Bolýala, köne gürriňleri goýalyň. Meň içesim gelýär. Hany guýuň!-diýip, Per öý eýesiniň guýan şeraply bulguryny bir göterende boşatdy. Şerap başyny aýlap stoluň aşagyna ýykyldy.
Per yerinden turyp, ýene bulgury eline aldy. Edil diri adama ýüzlenýän ýaly ele ýüzlenip:
-Seniň eýäň bilen boljak duşuşygymyz üçin içýän!-diýdi. Şondan sonra gürriňimiz başga mowzuga geçdi we köp oturman öýli-öýümize gaýtdyk. Ertesi güni, günortanrak Periň ýaşaýan öýüniň ýanyndan geçip barýakam, ýolugra sowuldym.
-Yeri, ýagdaýlar nähili?-diýip soradym.
-Gaty gowy!-diýdi.
-El nirde?
-Elmi? Näme görmediňmi, düýn agşam öýe gelişime, jaňjagazyň ýüpüne asyp goýdum. Ýary gije kimdir biri jaňjagazy iş edinip kakdy. Biri oýun edäýdi öýdýän, "Kim sen?" diýsemem, hiç kim jogap bermedi. Soň düşegime geçip uklap galypdyryn.
Şol wagt jaňjagaz ýene kakyldy. Bu öýüni Pere kireýine ýaşamaga beren, gaharjaň, ýakymsyz adamdy. ΟΙ otaga girip salamlaşmadam:
-Jenap-diýip sandyrawuk sesi bilen gürläp başlady-Bu eli yok ediň, bolmasada sizi öýden çykaryp, kowmaly bolaryn!-diýdi. Soňam jogabada garaşman otagdan çykyp gitdi. Per onuň yzy bilen gidip, eli çözüp alyp gaýtdy we düşeginiň üstünde ýüpe daňyp goýdy. Şu ýerde dursa gowy bolar-diýdi Per-Bu ele her agşam ýatmazdan öň seredip ýatsam, ol
meni çuňňur pikirlenmäge mejbur eder. Per bilen bir sagat ýaly gürleşip oturdymda, öýe gaýtdym. Gijesi bilen ýatyp bilmedim, ýataýsamam basyrganyp oýandym.
Birdenem başujumda kimdir biri duran ýaly
boldy. Yerimden turup, krowadymyň aşagyna
seretdim, şkafy açyp barladym...
Ahyryn sagat altylar töweregi uklapdyryn. Birdenem gapy şeýlebir gaty kakylyp başlady welin, atylyp ýerimden turdym.
Gapyny kakýan, Periň hyzmatkäri eken, ýarym-ýalaňaç, ýüzi ak esgä dönüpdir, tutuş bedeni bilen sandyraklap dur.
-Jenap, jenap!-diýip aglap başlady-Biçäre hojaýynymy öldüripdirler!
Howlugyp geýindimde, Periň öýüne ylgadym.
Birgiden adam, her kim bir tarapa ylgaýar, yzanda çuwanlyk...
Men adamlaryň arasyndan geçip, dostumyň ýatýan otagyna ylgadym. Gapyny içinden gulplan ekenler, kimligimi aýdanymdan soň içerik girizdiler. Dört sany polisiýa işgäri otagyň ortasynda ellerinde depderçeleri, hemme zady üns bilen synlap, pyşyrdaşyp, bir zatlar ýazyp alýardylar. Iki sany lukman beýhuş ýatan Periň başujynda gürleşip durdy. Per diridi, gözleri hanasyndan çykara gelen, giňelen, göreçleri nämedir bir gorkunç zada sereden ýaly howsalaly doňup galandy. Barmaklary bolsa gaty ýumulandy. Göwresi ýorgan bilen ýapylan.
Men onuň golaýyna baran wagtym bokurdagyndaky bäş barmagyň çuňňur yzyna gözüm düşdi. Köýneginde birnäçe gan damjalaryň yzy bardy.
Birdenem gözüm Periň eli asyp goýan ýüpine düşdi. Düýn şu ýüpden Periň asyp goýan eli ýokdy... Görenleri gorkuzaýmasyn diýip lukmanlar aýyrandyrlar diýip pikir etdim. Eliň
nirdedigi barada sorap oturmadym.
Ertesi güni gazetlerde bu syrly jenaýat barada
ýazdylar.

(Dowamy bar)...
21
117
kurban92
1 Sentýabr 2024
@zumer_chas, dowamy haçan
zumer_chas
1 Sentýabr 2024
@kurban92, dowamy bar profile gir
kurban92
1 Sentýabr 2024
Dowamy haçan
kurban92
1 Sentýabr 2024
Gyzykly eken
zumer_chas
1 Sentýabr 2024
@milanaaa, "Синистер" kinony görseña bilmedim nahilli boljagyny
zumer_chas
1 Sentýabr 2024
@milanaaa, şujagaz hekaýadan gorkyanmy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.